Köýtendaga gar ýagdy

27 Oktýabr 2022
1093

Barha golaýlaşyp gelýän ak paslyň ― gyşyň ilkinji gary Köýtendaga ýagdy. Şeýlelikde türkmen topragy ýene bir gezek ak gar bilen didarlaşdy.

Elbetde, oktýabr aýy dowam edýär. Howa birneme salkynlaşan hem bolsa, heniz maýylganlyk höküm sürýär. Bu bolsa oba hojalyk işlerini öz wagtynda tamamlamak üçin amatly mümkinçilikdir. Ýerli ilat Türkmenistanda täze gyşyň ilkinji garynyň Köýtendaga ýagandygyny habar berdi.