Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Makalalar

Garagum sährasy täsinligiň hem ajaýyplygyň mekany

Türkmen halkynyň asyrlarboýy ýaşaýyş-durmuşynyň dünýäde iň uly çölleriň biri bolan Garagum sährasy bilen baglanyşykly bolandygy hemmelere mälimdir. Parasatly pederlerimiz Garagum sährasynyň özboluşly tebigaty bilen iş salşyp gelipdirler. Olar akaba suwa zar bolan bu ümmülmez sähranyň içinde ýagyş suwundan bag-bakja ekinlerini, hatda miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmegiň hötdesinden gelipdirler. Olar dermanlyk ösümliklerden giňden peýdalanypdyrlar, bulanyk kak suwlaryny durlamagyň, şor, duzly suwly guýularyň suwuny süýji suwa öwürmegiň usullaryny tapypdyrlar. Mukaddes türkmen topragy täsin tebigy gözellikleri bilen dünýäniň alymlarynyň hem jahankeşdeleriniň ünsüni hemişe özüne çekýär. Ol ilkinji nobatda täsin tebigatly ajaýyp Garagum sährasy, onuň özboluşly ösümlik dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe behişdi türkmen tebigatyny, şol sanda Garagum sährasynyň hem iňňän täsin we ajaýyp tebigy gözelligini gorap saklamak, bu ümmülmez sähranyň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmak hem-de geljekki nesillere miras goýmak meselesine ägirt uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda giň möçberli il-ýurt bähbitli işler durmuşa geçirilýär

Kiçi çille

Biziň ýurdumyza günbatardan aralaşan sowuk howa akymy uly çilläniň soňky ongünlügini garly we aýazly günler bilen «bezedi». Bu ýagdaý çarwa üçin käbir kynçylyklary döretse-de, daýhan üçin kem bolmady. Ene ýere çille gary, göýä, dökün bolup siňdi. Güýzlükler üçin indi birnäçe wagtdan bäri garaşylýan asmanyň berekedi ahyrsoňy ak gar bolup indi. «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» nem dileýän daýhan ata-baba tejribesine eýerip, indi kiçi çilläni garşy alýar. Elbetde, ýanwar aýynyň 17-sinden başlanýan kiçi çille hem, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl daýhany-da, çarwany-da närazy etmese gerek. Sebäbi uly çillede ýagan gar ýeriň ýüzünde ýedi gün ýatsa, gyşyň kabul boldugy hasaplanypdyr. Ýöne beýle diýilse-de, gaty arkaýyn hem bolmaly däl. Sebäbi «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, kiçi çilläniň gazaply häsiýetleri-de bar. Käbir ýyllar onuň iň çalt akýan Amyderýany doňdurýan wagtlary-da bolaýýar. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda şeýle ýagdaý boldy. Şonda öz wagtynda görlen çäreler derýanyň suwunyň ýene-de kadaly akmagyny üpjün etdi. Türkmenler, aslyýetinde-de, uly we kiçi çilleleri «iki dogan» diýip göz öňüne getirýärler. «Allatagala-da uly çilläni doňaklyk etmäge iberýärmiş» diýilýär. Bu ýyl uly ç

Dinozawr düzlügi

Lebabyň gözel tebigatly ýerleri barada söhbet açylanda, ozaly bilen, Köýten jülgesi ýada düşýär. Bu ýer diňe bir özüniň ajaýyp tebigaty bilen däl, eýsem, täsinlikleri bilenem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Diýarymyzyň gündogar serhetlerini ýassanyp ýatan Köýtendag täsinliklerden doly. Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dinozawrlar düzlügi» diýlip atlandyrylýan baýyrlyklardaky gadymyýetden galan yzlar bolsa, hemmeleri haýran galdyrýar. Şol yzlar biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl ozal, Köýtendagyň baýyrlyklarynda dinozawrlaryň ýaşap geçendigine şaýatlyk edýär. Mundan 10 ýyla golaý ozal, ýörite guralan ekspedisiýa bilen şu ýerde barlag işlerini geçiren alym N.Kalandadzeniň ýazmagyna görä, «Bu äpet jandarlaryň şeýle ajaýyp, gowy saklanan yzlary henize çenli görülmedik zatdyr. Şoňa görä-de, munuň özi dünýä ylmynda täze bir sahypany açýar».

Gyraw — açyk howanyň alamaty

Gyş paslynda howanyň ýagdaýy tiz-tizden üýtgäp durýar. Güýzüň soňlanmagy we gyş paslynyň başlanmagy bilen, ýagýan ýagynlaryň sany köpelip, ygal düşüp başlaýar. Howanyň temperaturasynyň peselmegi — gyraw, burjy, sürçek emele gelip başlaýar. Gyraw, esasan, açyk howanyň alamatydyr. Gyrawa birnäçe kesgitleme bermek bolar. Ir ertir ýeriň, otuň, çöp-çalamlaryň üstüne düşüp, ýukajyk ak örtük emele gelýär. Gar tozgajyklaryna meňzeş bolan ygalyň bu görnüşine gyraw diýilýär. Gyrawyň düşmegi üçin howanyň derejesi 0°-dan pes bolmalydyr. Ygalyň bu görnüşi suwuň bugaryp, ýokary galan badyna doňmagy netijesinde emele gelýär. Gyraw diňe ot-çöpüň üstüne däl, Ýeriň ýüzüne hem düşýär.

Daşky gurşawy goramak ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynyň esasydyr

Berkararlyk döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň ýaşaýşy üçin arassa, sagdyn we amatly gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Daşky gurşawy goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, ony geljekki nesillerimize asyl durkunda we baýlaşdyryp miras goýmak meselesi “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 - 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” öz beýanyny tapýar. Häzirki wagtda daşky gurşawy goramak maksady bilen, ýurdumyzda ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän senagat önümçiligini döwrebaplaşdyrmak, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak, ekologiýa kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek we tebigy gorlary rejeli peýdalanmak Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ylmy esasda bazar gatnaşyklaryna geçilmegi, täze tehnologiýalaryň girizilmegi netijesinde döwletiň önümçilik kuwwatynyň artmagy, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegi ekologiýa gatnaşykla

Köpetdag kyssalary

Arçalar, ine, şeýdip gögerýär Arça — dagyň bezegi. Diňe bir arça däl, beýleki agaçlar babatda-da şeýle diýip bolar. Aslynda, agaçlar tutuş dünýäniň ýaraşygy dälmi näme?! Ozal hem bir patyşa ýurdunyň “men” diýen suratkeşlerini jemläp, “Maňa parahatçylygyň suratyny çekip beriň!” diýenmiş. Ýeňijä-de uly baýrak belläpdir. Patyşa aýtdy — gutardy. Ählisi tabşyrygy berjaý etmäge girişýär. Bellenen gün her kim öz çeken suratyny köşge getirýär. Suratlaryň birini alyp, beýlekisini goýar ýaly dälmiş. Hemmesi gowy, hemmesi ajaýyp! Ýöne olarda bir umumylygyň bardygy patyşanyň ünsüni çekipdir: suratlaryň her birinde agajyň şekili bar eken.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -5... -10 gradus sowukdan -2... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +4... +9 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda 0... +5 gradus maýyl bolar.

Garagumuň gyşky gözelligi

Gahryman Arkadagymyz her gezek gyş paslynda, ýoly Garagumuň üstünden düşende, bu keremli sähranyň gözelligini lezzet almak bilen synlaýar. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň başynda milli Liderimiz Mary we Lebap welaýatlaryna eden iş sapary wagtynda hem Garaguma gadam goýdy. Özüniň sürüp barýan awtoulagy bilen çölüň beýikli-pesli, aýlawly-öwrümli ýollary bilen gidip barşyna, Garagumuň gyrkylyk yzyny ýa-da salýan gum depelerini, gyrymsy ösümlikler bilen örtülen düzlüklerini, çaly, çerkez, gandym ýaly ösümliklerini guwanç bilen synlady. Gahryman Arkadagymyzyň ýoly Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykowyň çopan goşunyň üstünden düşende, sarwanyň hal-ýagdaýy, işi bilen gyzyklanyp, düýe bakmagyň örän hormatly kärdigini ýatlatdy, giň sähranyň gözelligi barada gürrüňdeş boldy. “Özboluşly ekoulgamly Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde sähra jandarlary üçin ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek, dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmäge-de ýardam berýär...” diýip nygtady. Bu aýdylanlardan ugur almak bilen, Lebap welaýatynyň Garagumda mal bakýan çopanlarydyr sarwanlary çölüň ekoulgamyny goramak we ony baýlaşdyrmak üçin tagalla baryny edýärler. Olar özleri

Çille gary

8-nji dekabrdan başlanýan uly çille 17-nji ýanwara çenli dowam edýär. Soňra kiçi çille başlanýar. Kiçi çille 7-nji fewrala çenli dowam edýär-de, soň ornuny ahyrky garagyşa berýär. Eždatlarymyz gyş pasly barada gyzyla gaplaýmaly pähimleri, nakyllary we atalar sözlerini miras galdyrypdyrlar. Olardan: «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz», «Gyş gamyny ýaz iý, ýaz bolmasa — güýz», «Gyş geýjegiňi tomus taýýarla, tomus geýjegiňi — gyş», «Ýazyň ýuwundysy — gyşa gatyk» ýaly pähimdir nakyllaryň her birinde gyşa taýýarlykly barmalydygy ündelýär.

Tebigat bilen sazlaşyk

Tebigatyň özündäki baýlyklary galyndysyz, ýagny aýlanyşyk usulynda ulanmagy ynsan üçin nusgalyk sapakdyr. Ekologlar durmuşda hem tebigy aýlanyşyk usulyny saklamagy maslahat berýärler. Uzak ýyllaryň dowamynda ata-babalarymyz hem tebigatda bolup geçýän hadysalary synlap, olardan degişli netije çykarmagy başarypdyrlar. Öz ýaşaýyş-durmuşlarynda, ekerançylyk medeniýetinde tebigatda synlap-seljerenlerinden ýerlikli peýdalanypdyrlar. Topragyň, suwuň, ekiniň ýagdaýyna anyk baha berip bilipdirler. Tebigat bilen galtaşýan gatnaşyklaryň ählisinden dogry many çykarmagy öwrenipdirler. Tebigatyň diňe bir howany tämizlemän, eýsem, ruhuňy hem täzeleýändigine, bedeniňe sagdynlyk berýändigine, hatda tebigatyň ynsanyň käbir häsiýetleriniň kemala gelmegine hem täsirini ýetirýändigine ünsi çekipdirler.

Ak gar ýagýar ak bagtymyz mysaly

Halkymyz ak zady alnyna sylýar. Ilimiz-günümiz gutlag sözüni aýdyp, ýagşy dileg edende-de ak ýol, ak bagt arzuw edýär. Dünýä inen çagajygyny bagryna basýan ene-de ony ak gundaga dolaýar. Ine, bu gün ene ýere atylan ak don mysaly Zeminiň gerşine ýapylan ak gar hem tebigatyň adamzada bagyşlan iň ajaýyp serpaýy bolup kalbymyza şatlyk eçilýär. Biziň parahat Watanymyzda ak zatlara aýratyn gadyr goýulýar. Munuň şeýledigine daşymyzy gurşap alan ak mermerli binalar hem şaýatlyk edýär. Ata-babalarymyz başyna geýýän silkme telpegini-de başynyň buýsanjy, baş döwletiniň ilkinji alamaty hökmünde söýüp, ony seçelenip duran ak deriden tikýär. Ene-mamalarymyzyň bütin ömrüne perzendine bagt diläp, zähmet çekip ýygnan, ýygşyranja zadyny gelnine niýetleýändigini hemmämiz bilýäris. Gapydan sag aýagy bilen ätläp, döwletli ojagyň törüne geçýän gelniň hem alnyna ak ýaglyk daňyp, kürtesiniň maňlaýyny ak seçek bilen bezeýän halkymyz her bir işi aklyga, gowulyga, şowlulyga ýorýar. Gar — zeminiň zynaty. Bu gün asmanyň ak bulutlary ýere düşene çalym edýär. Gar ýagandan soň ýedi ýaşdan ýetmiş ýaşa çenli ähli adamlar aýratyn şatlyk bilen gurşalýar. Hasyl baryny berip, gyşda ak gardyr ýagyn-ýagmyryň astynda dynç alyp ýatan ene toprak bolsa dünýä inderen balasyny bagryna ba

Tebigatyň gyş ertekisi

Gyş paslynyň gelip, göz gamaşdyryjy kümüş reňkli garyň ýagmagy bilen, bütin tebigat ajaýyp gyş ertekisine öwrülýär. Gar tozgajyklarynyň seçelenip topragyň ýüzüni örtmegi, agaçlaryň şahalaryny täsin bir sungat eserine öwürmegi kalbyňy heýjana getirýär. Şeýle owadanlygy döredýän gar we gar tozgajyklarynyň döreýşi, gurluşy köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Sary nargyz

Ýurdumyzda daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin arassa, ynsan saglygyna peýdaly, gözel we oňaýly bolan daşky gurşawy döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Tebigat — bu biziň ählimiziň öýümizdir. Şonuň üçin daşky gurşawy, howany arassa saklamak, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini goramak we geljekki nesillerimize ýetirmek her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Türkmen tebigatynda adamzada peýdaly birnäçe agaçlar we ösümlikler bar, olar biri-birinden görnüşleri, reňkleri we ýaşaýyş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Şolaryň biri-de sary nargyzdyr.

Howa maglumaty

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-günbatardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 6 — 11 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -11... -16 gradus sowukdan -4... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -2 gradus sowukdan +3 gradusa çenli maýyl, welaýatyň kenarýaka etraplarynda 0... -5 gradus sowuk bolar.

Nesillere saýa gerekdir hökman

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň ýaşaýyş-durmuş şertini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda mähriban topragymyzy bagy-bossanlyga öwürmäge gönükdirilen meýilnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şahyr Gara Seýitliýewiň: Kimde-kim bir agaç ekse ýadygär,Dünýä kitabynda onuň ady bar —

Hoýbaly hekaýat

Esasan, Esenguly etrabynyň çäginde, subtropik şor utgaşykly çägeliklerde bitýän bu ösümlik bilen köpden bäri gyzyklanyp ýördüm. Ýöne oňa degişli ylmy çeşmelere duşmadym. Ady düşündirişli sözlüklerde-de gabat gelenok. Etrabyň Çekişler obasyndaky 5-nji orta mekdepde «Açyk gapylar» güni geçirildi. Etrabyň bilim ulgamyna degişli sergi, dersler bilen bagly tejribe alyşmak üçin «açyk sapaklar» guraldy. Oňa gatnaşmak üçin barýarkak, uly ýoldan sowlanymyzda, obanyň gyrak-bujagynda hoýbanyň ösüp oturanyny gördüm. Bilesigelijiligim ýene-de böwrümi byjyklap ugrady. Ýöne, näme üçindir, bu hakynda delilli maglumatlar bol däl. Ol barada okuw kitaplarynda-da agzalmaýar. Nämäniň gürrüňini edýändigimize gapdaldan gulak gerenleriň biri:

Serwi agajy

Türkmen tebigaty özüniň ajaýyplygy, dürli ösümliklere baýdygy bilen tapawutlanýar. Derýa-deňzi, çöl-baýyrlary, dag-deresi bilen jahankeşdeleriň hem ünsüni özüne çekýän ata Watanymyzda ösýän, ýylyň islendik paslynda gök öwüsýän serwi agajy ýalaňaç tohumly ösümliklere degişlidir. Boýy 20 metre barabar bolan bu agajyň şahalary sütüninden ýokarlygyna ösýär. Pürli pudaklary bir tekizlikde ýerleşýär. Baldagyndaky pürleri gögümtil ýa-da açyk ýaşyl reňkli bolýar. Gozalarynyň uzynlygy 3 santimetre ýetýär. Serwi örän owadan, ýakymly ysly, gelşikli agaç bolandygy üçin ony seýilgählerde, köçeleriň gyrasynda bezeg üçin ekýärler. Bu agajy dykyz, berk bolýandygy üçin gurluşyk önümi hökmünde-de ulanýarlar. Onuň agajy aňsat ýonulýar we ýylmanylýar. Şol sebäpli ol mebel ýasamakda-da giňden ulanylýar.

Umbar pälwanyň deresi

Köýtendagyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Umbar deresindäki şaglawugyň täsinligine haýran galmadyk syýahatçy ýok bolsa gerek. Ýerli ilatyň arasynda aýdylýan rowaýata görä, Umbar deresi Umbar atly pälwanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Gadym zamanlarda Umbar atly adalatly pälwan ýaşapdyr. Ol bu ýerlerde ýaşan ilaty talaňçylardan gorar eken. Bir gezek talaňçylar bilen söweşende, güýji asgyn gelip, olar ony ele saljak bolupdyrlar. Ýöne ol ele düşmän, özüne mahsus çalasynlyk bilen Köýtendaga dyrmaşyp ugraýar. Şonda-da kowgy onuň yzyndan galarly däl eken. Şol barmana Umbar pälwanyň öňünden bir uly dere çykýar. Deräniň örän giňdigine garamazdan, Umbar dereden ýüzugra böküp geçipdir. Talaňçylar bolsa dereden bökmäge milt hem edip bilmändirler. Ine, şondan soň deräni «Umbaryň deresi», bu ýerdäki täsin şaglawuga bolsa «Umbaryň şaglawugy» diýip at beripdirler.

Mynasyp goşant

Ekologiýa meselesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ähli ugurlarda alnyp barylýan hojalyk işlerine ekologik nukdaý nazardan garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, çölleşmegiň öňüni almak, Garagum çölüniň, Hazar deňziniň, Köpetdag, Köýtendag, Balkan daglarynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, gazylyp alynýan baýlyklary netijeli peýdalanmak ýaly möhüm meseleleri çözmekde bähbitli işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny goramak bilen bagly milli kanunçylygymyz has-da kämilleşdirilip, halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Olara «Syýahatçylyk hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi we beýlekiler degişlidir.

Towşan ýyly — toý ýyly

Baýramçylyk lybasyny geýen gözel Diýarymyzda bagtyýar il-ulsumyz «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen at bilen eziz Watanymyza uly üstünlikler getiren 2022-nji ýyly taryhyň gatyna ugradyp, 2023-nji — «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny», türkmenleriň milli müçenamasy boýunça towşan ýylyny uly şatlyk-şagalaň bilen garşylady. Eýsem, biz 2023-nji — towşan ýylyndan nämelere garaşýarys?! Türkmen halkynda «Her ýyl özüniň adyny göterýän jandarynyň häsiýetine, ýaşaýyş şertlerine, tebigatda özüni alyp barşyna görä, öz aýratynlyklary bilen gelýär» diýen ynanç bar. Özem bu ynanç irki zamanlardan bäri halkyň aňynda ykjam orun tutup gelipdir.