Kiçi çille

18 Ýanwar 2023
745

Biziň ýurdumyza günbatardan aralaşan sowuk howa akymy uly çilläniň soňky ongünlügini garly we aýazly günler bilen «bezedi». Bu ýagdaý çarwa üçin käbir kynçylyklary döretse-de, daýhan üçin kem bolmady. Ene ýere çille gary, göýä, dökün bolup siňdi. Güýzlükler üçin indi birnäçe wagtdan bäri garaşylýan asmanyň berekedi ahyrsoňy ak gar bolup indi. «Ak ekine ýokardan, gök ekine akardan» nem dileýän daýhan ata-baba tejribesine eýerip, indi kiçi çilläni garşy alýar. Elbetde, ýanwar aýynyň 17-sinden başlanýan kiçi çille hem, öňki ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl daýhany-da, çarwany-da närazy etmese gerek. Sebäbi uly çillede ýagan gar ýeriň ýüzünde ýedi gün ýatsa, gyşyň kabul boldugy hasaplanypdyr. Ýöne beýle diýilse-de, gaty arkaýyn hem bolmaly däl. Sebäbi «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlişi ýaly, kiçi çilläniň gazaply häsiýetleri-de bar. Käbir ýyllar onuň iň çalt akýan Amyderýany doňdurýan wagtlary-da bolaýýar. 2008-nji ýylyň ýanwar aýynda şeýle ýagdaý boldy. Şonda öz wagtynda görlen çäreler derýanyň suwunyň ýene-de kadaly akmagyny üpjün etdi.

Türkmenler, aslyýetinde-de, uly we kiçi çilleleri «iki dogan» diýip göz öňüne getirýärler. «Allatagala-da uly çilläni doňaklyk etmäge iberýärmiş» diýilýär. Bu ýyl uly çille başda maýyl gelse-de, soňunda gazabyny görkezdi. Gündizlerine -15...-16 derejä, gijelerine bolsa -22 derejä ýeten sowuk aýaz türkmen gyşynyň hem bihal däldigini äşgär etdi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).