Mynasyp goşant

4 Ýanwar 2023
596

Ekologiýa meselesi ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Ähli ugurlarda alnyp barylýan hojalyk işlerine ekologik nukdaý nazardan garamak, tebigy baýlyklarymyzy tygşytly ulanmak, çölleşmegiň öňüni almak, Garagum çölüniň, Hazar deňziniň, Köpetdag, Köýtendag, Balkan daglarynyň haýwanat we ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, gazylyp alynýan baýlyklary netijeli peýdalanmak ýaly möhüm meseleleri çözmekde bähbitli işler amala aşyrylýar.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny goramak bilen bagly milli kanunçylygymyz has-da kämilleşdirilip, halkara hukuk kadalaryna laýyk getirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Olara «Syýahatçylyk hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi we beýlekiler degişlidir.

Şanyýaz MEŇLIÝEW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň bölüm başlygy.