Garagumuň gyşky gözelligi

12 Ýanwar 2023
810

Gahryman Arkadagymyz her gezek gyş paslynda, ýoly Garagumuň üstünden düşende, bu keremli sähranyň gözelligini lezzet almak bilen synlaýar. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň başynda milli Liderimiz Mary we Lebap welaýatlaryna eden iş sapary wagtynda hem Garaguma gadam goýdy. Özüniň sürüp barýan awtoulagy bilen çölüň beýikli-pesli, aýlawly-öwrümli ýollary bilen gidip barşyna, Garagumuň gyrkylyk yzyny ýa-da salýan gum depelerini, gyrymsy ösümlikler bilen örtülen düzlüklerini, çaly, çerkez, gandym ýaly ösümliklerini guwanç bilen synlady. Gahryman Arkadagymyzyň ýoly Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň düýe çopany Aýmyrat Paşşykowyň çopan goşunyň üstünden düşende, sarwanyň hal-ýagdaýy, işi bilen gyzyklanyp, düýe bakmagyň örän hormatly kärdigini ýatlatdy, giň sähranyň gözelligi barada gürrüňdeş boldy. “Özboluşly ekoulgamly Garagum sährasyna aýawly çemeleşmek, onuň çäklerinde sähra jandarlary üçin ekologik nukdaýnazardan amatly şertleri döretmek, dowardarçylygy hem-de düýedarçylygy ösdürmäge-de ýardam berýär...” diýip nygtady.

Bu aýdylanlardan ugur almak bilen, Lebap welaýatynyň Garagumda mal bakýan çopanlarydyr sarwanlary çölüň ekoulgamyny goramak we ony baýlaşdyrmak üçin tagalla baryny edýärler. Olar özlerine berkidilen öri meýdanlaryndan tygşytly peýdalanmak bilen birlikde seresapsyzlyk zerarly ýangyn döremez ýaly, çöle dynç almaga ýa-da syýahata çykýan ildeşlerimize-de degişli maslahatlary berip durýarlar. Sebäbi Garagumda we Gyzylgumda şu günler 210 müňe golaý maýda maly gyşlatmak işini alyp barýan maldarlaryňdyr olara berkidilen sürüjileriň sany bir müňden hem geçýär. Olaryň arasynda ýaşlar hem az däl. Her ýylda orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň 200-e golaýy halypa çopanlara şägirtlige berkidilýär. Geçen ýyl möwsümde 70 müňe golaý owlak-guzynyň alynmagy bilen, eýýäm awgust aýynda guzy seçmek işi geçirilip, täze mal sürüleriniň 74-si emele geldi. Halaç etrabynyň “Garagum” maldarçylyk hojalygynyň tejribeli halypa çopanlary Nurmyrat Allaberdiýew, Çary Rozyýew, Çary Begmyradow dagy eýýäm ençeme ýaş çopanlaryň halypasy hasaplanýar. Olaryň ýaşlara ilkinji öwredýän zady, çölüň baýlyklaryna aýawly çemeleşip, eýeçilik gözi bilen garamak endigi. Sebäbi çölüň ot-çöpünde, ürgün çägesinde, ýowşan, gandym we sözen-sazagynda bereket bar. Düýe malynyň esasy iýmiti bolan ýandak bolsa dermanlyk häsiýete eýe. Şoňa görä, düýe süýdünden emele gelýän çal, agaran ýaly önümler berhizlik hökmünde hem ulanylýar. Lebap welaýatynda düýeleriň sanyny artdyrmak ýaly möhüm işi öz üstlerine alan Saýat we Çärjew etraplarynyň çarwadarlary uly işleri durmuşa geçirýärler. Olaryň tagallasy netijesinde şu günki günde sebitde düýeleriň baş sany 2600-e ýetip barýar. Olaryň önümlerini gaýtadan işläp, söwda nokatlarynyň üsti bilen ilata ýetirmek işini bolsa ýerli telekeçiler alyp barýarlar.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).