Dinozawr düzlügi

17 Ýanwar 2023
638

Lebabyň gözel tebigatly ýerleri barada söhbet açylanda, ozaly bilen, Köýten jülgesi ýada düşýär. Bu ýer diňe bir özüniň ajaýyp tebigaty bilen däl, eýsem, täsinlikleri bilenem köpleriň ünsüni özüne çekýär. Diýarymyzyň gündogar serhetlerini ýassanyp ýatan Köýtendag täsinliklerden doly.

Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýän «Dinozawrlar düzlügi» diýlip atlandyrylýan baýyrlyklardaky gadymyýetden galan yzlar bolsa, hemmeleri haýran galdyrýar. Şol yzlar biziň eýýamymyzdan müňlerçe ýyl ozal, Köýtendagyň baýyrlyklarynda dinozawrlaryň ýaşap geçendigine şaýatlyk edýär. Mundan 10 ýyla golaý ozal, ýörite guralan ekspedisiýa bilen şu ýerde barlag işlerini geçiren alym N.Kalandadzeniň ýazmagyna görä, «Bu äpet jandarlaryň şeýle ajaýyp, gowy saklanan yzlary henize çenli görülmedik zatdyr. Şoňa görä-de, munuň özi dünýä ylmynda täze bir sahypany açýar».

Jennet RAIMBAÝEWA,
öz habarçymyz.