"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Asudalygyň we hoşniýetliligiň gözbaşy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara giňişligindäki abraý-mertebesi has-da belende galýar. Dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişligine işjeň goşulýan hem-de özüniň döredijilik kuwwatyny tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirýän ýurdumyz bütin dünýäde halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge we işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşup, baky Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Munuň özi ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygyň höküm sürmegi we durnukly ösüşiň üpjün edilmegi ugrunda tagalla edýändigine doly güwä geçýär. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy mizemez gymmatlygymyzdyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýädäki at-abraýynyň, şan-şöhratynyň barha beýgelýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly başlangyçlary bilen amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň eşretli durmuşynyň binýadyny berkidýär.

Beýik döwletiň beýik taryhy

Çaga beýni ysmazly näsaglarda «LOKOMAT Pro 6 PE» enjamyny ulanmagyň usuly

Maýa ÖKÜZOWAGurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi «Ýaşuly nesliň pähim-paýhasy bilen ýaş nesliň täzeçe garaýyşlarynyň sazlaşan ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur» diýip, buýsançly belleýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, saglygyny goramak we berkitmek, mümkinçiligi çäkli çagalara sagaldyş-dikeldiş kömeginiň ýokary derejeli hyzmatyny ýola goýmak arkaly olaryň saglyklaryny dikeltmek, howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur paýhasyndan gözbaş alyp gaýdýan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşini durmuşa ornaşdyrmakda esasy orny eýeleýär. Bu işleri amal etmekde diňe bir ýurdumyzyň çagalaryna däl, eýsem, dünýä döwletleriniň çagalaryna hem haýyr-sahawat goluny uzadýan, Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer hemaýaty bimöçberdir. Gaznanyň howandarlygynda gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen

Inçekeseli anyklamagyň we bejermegiň täze ýörelgesi

Annamyrat REJEPOW, Babaguly JUMAÝEW, Mähri DURDYÝEWA, Röwşen JUMAÝEW, Mähri JÜMMIÝEWAÝokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Inçekeseli bejeriş-öňüni alyş merkezi, M. Garryýew adyndaky TDLU-nyň inçekesel kafedrasy Inçekesele garşy göreş «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hasaplanýar. Soňky onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda inçekesele garşy göreş çärelerini amala aşyrmakda düýpli öňegidişlikler gazanyldy, inçekeseli anyklamak, gysga möhletde bejermek boýunça birnäçe täze usullar ornaşdyryldy. Şolaryň biri hem BSGG tarapyndan teklip edilen täze innowasion näsaga gönükdirilen çemeleşme hökmünde ykrar edilen inçekeselli näsaglary gatnaw şertlerinde bejermek usulydyr. Bu usulyň netijeliligi barada ylmy edebiýat çeşmelerinde gabat gelmek bolýar [1-4]. Şonuň bilen baglylykda biziň ýurdumyzda hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny we «Türkmenistanda inçekesele netijeli gözegçiligi üpjün etmek boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýruklary, şol sanda «Türkmenistanda inçekeselli näsaglary bejermegiň ambulator modeli» işlenilip taýýarlanyldy we tassyklanyldy.

Çagalarda paralitik göz çaşylygynyň uly burçlarynyň hirurgik bejerilişi

Aýgözel EZIZOWAHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Kelle we boýun kesellerini bejeriş halkara merkezi Paralitik göz çaşylykly çagalaryň saglygynyň dikeldilmeginiň toplumlaýyn bejergisi hirurgik tapgyryny hem öz içine alýar [6, 7]. Gözüň gyşarmagyny aýyrmak üçin geçirilýän tenorafiýa operasiýalaryň hirurgik tehnologiýalary sazlaşykly göz çaşylygyny bejermekde öz netijeliligini görkezdi [2-4]. Awtorlaryň ylmy işlerinde belleýşi ýaly, sazlaşykly göz çaşylykda gözleriň göni muskullarynyň tenorafiýasynyň ýerine ýetirilmegi gözüň öňki böleginiň gan bilen üpjünçiliginiň bozulmagyna getirmeýändigi, onuň geçirilmeginiň tehnik taýdan ýeňildigi we operasiýa geçirilende gaýra üzülmeleriň döremeginiň ähtimallygynyň azdygy görkezildi [1-3]. Çagalyk döwründe ýüze çykýan paralitik göz çaşylygynda netijeli hirurgik çemeleşmeleriniň kämilleşdirilmeginiň gözlegi dowam edýär [5, 8].

Depressiýalaryň döremeginiň insultyň ýerine we derejesine baglylygy

Bahargül MEREDOWAM. Garryýew adyndaky TDLU-nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasy Soňky ýyllarda insultdan ejir çekýänleriň sany barha köpelýär, şol bir wagtda bolsa bu keselden ýogalýanlaryň sany azalýar. Bular, ilkinji nobatda, näsaglary bejermegiň usullarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen düşündirilýär.

Metaboliki sindromyň öňüni alyş çäreleriniň wajyplygy

Çary NAZAROW, Gül-Bibi GELDIÝEWA, Batyr GURBANGULYÝEWM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň Ylmy-barlag merkezi, kadaly fiziologiýa kafedrasy Artykmaç agram bilen semizlik metaboliki bozulmalaryň ýaýran görnüşi bolup, häzirki döwürde lukmançylyk meseleleriniň esasyny düzýär. BSGG-niň maglumatlaryna görä, semizligiň ýaýramagy soňky ýyllarda 60-80% ýokarlanyp, bu patologiýa diňe uly adamlaryň arasynda duş gelmän, eýsem, ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda hem onuň sany ýylsaýyn artýar [8]. Köp sanly alymlar tarapyndan bu meseläniň artmagyna häzirki döwürde gipodinamiýanyň we nädogry iýmitlenmegiň sebäp bolýandygy subut edildi [1, 2, 7]. Ýetginjekleriň we çagalaryň arasynda bu keseliň sanynyň artmagynyň sebäpleri doly öwrenilmedikdir.

Ösmeýän göwreliligiň gematologiki markýorlary

Nargözel MYRATNAZAROWA, Güljahan HOJAMBERDIÝEWA, Swetlana PLESKANOWSKAÝA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň akuşerçilik we ginekologiýa kafedrasy, Ylmy-barlag merkezi Häzirki zaman akuşerçiliginde ösmeýän göwrelilik (ÖG) wajyp meseleleriň biri bolmak bilen reproduktiw ýitgileriň 10-20%-ni tutýar [1-5]. ÖG-niň köp meseleleri oňat öwrenilip, olaryň anyklaýyş we bejeriliş algoritmleri işlenip düzüldi. ÖG-niň sebäpleri köp dürli bolup, olara genetiki faktorlar, alawlama hadysalary, endokrin, gemostaz we autoimmun bozulmalar degişlidir. Emma 40% ýagdaýda düwünçek ýitgisiniň sebäbi näbelliligine galýar [1, 2, 6].

Menopauzaly zenanlaryň ýürek-damar ulgamyna estrogenleriň täsiri

Tylla TAŇRYBERDIÝEWA, Wladimir GURBANOW, Şemşat AMANDURDYÝEWA M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasy Klimakteriki döwürde, owariektomiýadan soňky ýagdaýda, dowamly alawlama hadysalar sebäpli, ýumutgalyklaryň gormonal işiniň bozulmagynda zenanlaryň ýürek-damar ulgamynda aýdyň metaboliki we funksional üýtgemeler ýüze çykýar [2, 18, 21].

Injik-daban bognunyň şikesden soňky artrozynyň häzirki zaman bejergi usuly

Alym NAZAROWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi Injik-daban bognunyň artrozy bolan näsaglaryň bejergisi – möhüm lukmançylyk we durmuş-ykdysady mesele bolup durýar. Bu bolsa, esasanam, injik-daban bognunyň artrozynyň köp duş gelýändigi we bu patologiýada maýyplygyň ýokarlygy bilen baglanyşyklydyr [1-3].

Çagalarda Kawasaki keseli

Ýazgylyç ÝAWAN, Maral ŞYHLYÝEWA, Ogulkeýik BÄŞIMOWA, Rozygül ORAZOWA,Baýmyrat GOWUŞOW, Aýjahan HOMMYÝEWAM.Garryýew adyndaky TDLU-nyň fakultet pediatriýasy kafedrasy Kawasaki keseli (Kawasaki sindromy, deri-nemli limfanodulýar sindromy) orta we ownuk arteriýalaryň özboluşly zeperlenmesi we destruktiw-proliferatiw waskulitiň emele gelmegi bilen ýiti geçýän patologiýadyr. Ol kliniki taýdan gyzdyrma, nemli bardanyň, deriniň, limfatiki düwünleriň üýtgemesi, käte koronar we beýleki arteriýalaryň zeperlenmesi bilen ýüze çykýar. Bu kesel Ýaponiýada has ýygy duşýar (5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 112 sany). Russiýada 2016-njy ýylyň maglumatlaryna görä, bu kesel bilen 5 ýaşa çenli çaga ilatynyň 100 000-de 6,6 ýagdaýda anyklandy. Şu keselden ölüm 0,1-0,5%-e barabardyr. Kawasaki keseliniň etiologiýasy we döreýşi entek az öwrenilendir [3].

Döwletliligiň binýady

Mähriban Watanymyzda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy giňden we dabaraly bellenip geçildi. Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir» diýip belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlaryny myrada gowşuryp, milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmäge mümkinçilik berdi. Binýady berkden gurlan eziz Watanymyzyň milli Garaşsyzlygy türkmen halkyny baky bagta eýe etdi. Şonuň üçin halkymyz şanly Garaşsyzlyk baýramyna berkararlygyň we bagtyýarlygyň mukaddes baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýar. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan döwletimiziň taryhynda täze sahypa açylyp, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy eden arzuw-umytlary hasyl boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatlylyk bilen alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri, durmuşa geçirýän aýdyň maksatnamalary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alyp, geljegimizi has-da belentliklere göterjek öňdengörüjilikli sepgitleri nazarlaýar. Bularyň her biri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň ajaýyp görkezijileridir.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi

Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi

Halkymyzyň saglygy hem-de abadançylygy baradaky alada «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biridir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler Diýarymyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny has-da ösdürmekden hem-de kämilleşdirmekden, pudagyň düzümlerini düýpli döwrebaplaşdyrmakdan, öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalary we bejeriş usullary ornaşdyrmakdan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakdan, ylmy we amaly lukmançylyk babatda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmekden ybaratdyr. Dünýä lukmançylygynyň ähli talaplaryna doly laýyk gelýän 250 orunlyk Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurlup ulanylmaga berilmegi «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň subutnamasydyr.

Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanasy

Ynsan saglygy ähli zatdan ileri tutulýan döwletimizde dünýä derejesindäki saglyk merkezleri, hassahanalar, şypahanalar bilen birlikde derman senagatynyň iri kärhanalary hem gurlup ulanylmaga berilýär. Şeýle desgalaryň hatarynda buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kuwwatly kärhana Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde gurlup ulanylmaga berildi. Bu kärhana dünýä bazarynda bäsleşige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmaga we olaryň daşary ýurtlardan satyn alynýan möçberini azaldyp, onuň ýerini tutýan derman serişdelerini öndürmek bilen bagly tabşyryklaryň we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda goýlan esasy wezipeleriň ýerine ýetirilýänliginiň subutnamasydyr. Kärhanada buýan köki gaýtadan işlenilip, ondan glisirrizin turşusy öndüriler we ol önüm daşary döwletlere eksport ediler.

Mary welaýatynyň we Mary şäheriniň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir günümiz taryhy wakalara beslenýär. Bedew batly eziz Diýarymyzda ähli pudaklar boýunça uly ösüşler gazanylýar, ýurdumyzyň abraý mertebesi has-da ýokary derejelere eýe bolýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmekde, ilatyň saglygyny we daşky gurşawyň faktorlarynyň adamyň organizmine zyýan edip biljek täsirlerinden goramakda, adamyň oňaýly şertlerde yaşamagy üçin giň möçberli işler alnyp barylýar. Mary welaýatynyň arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze binasynyň gurlup ulanylmaga berilmegi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli berjaý edilmeginde ýene bir ädim bolup durýar.

Ynsan saglygyna melhem

Lukman Arkadagymyzyň güneşli Diýarymyzyň keremli topragynda ösýän dermanlyk ösümlikleriň ynsan saglygyna peýdaly melhemlik häsiýetleri barada giňişleýin maglumat berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik işiniň XVI jildi ýurdumyzyň saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öňüsyrasynda çapdan çykdy. Bu täze kitap diňe bir lukmanlaryň ýankitaby bolman, eýsem, halk köpçüligi üçin hem gymmatly gollanmadyr. Türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler we milli fitoterapiýa baradaky bu özboluşly ylmy-ensiklopedik kitaplary dünýäniň köp dillerinde neşir edilip, millionlarça daşary ýurt okyjylaryna elýeterli bolup, ýurdumyzda lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça hünärmenleriň gollanmasyna öwrüldi. Bu köp jiltli ylmy-ensiklopedik eser ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kämilleşdirip, türkmeniň milli gymmatlygyna öwren halk lukmançylygyny, tebigy melhemler babatdaky garaýyşlaryny dünýä ýaýdy. Mundan başga-da, häzirki wagtda saglygy goraýyş edaralarynda bu kitaplarda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary hödürleýän fitobarlar hereket edýär.

Ajaýyp üstünlikleriň beýany

Her ýylyň 10-njy oktýabrynda ýurdumyzda Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenip geçilýär. Bu senäniň ählihalk derejesinde giňden bellenilmegi döwletimiz tarapyndan mähriban halkymyzyň saglygyny goramaga uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Saglygy goraýyş işgärleriniň hünär baýramynyň öň ýanynda hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Türkmenistanda fiziologiýa ylmyny ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanda lukmançylyk sagaldyş-dikeldiş çäreleriniň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli strategiýasy» hem-de şu Milli strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy, «Türkmenistanyň immuno-öňüni alyş boýunça 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy» hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň adyndan Balkan we Lebap welaýatlarynyň hersinde bir sany 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygynyň taslamasyny maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary bagl

Türkmenistanda brusellýozyň epidemiologiki aýratynlyklary

Кemal МАWLANOW, Мaýa АŞYROWA, Amanmyrat ŞÜKÜROWAýratyn howply ýokanç keselleriň öňüni alyş merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň ýokanç keseller kafedrasy Brusellýoz – haýwanlardan adamlara geçýän zoonoz ýokançlaryna degişli bolup, bedeniň dürli agzalaryna ulgamlaýyn zeper ýetirýän ýokanç keseldir. Bu ýokanç zoonoz keselleriň has ýaýran görnüşi bolup, dünýäde her ýyl 500 000-den köpräk adam ejir çekýär. Brusellýoz Günbatar Aziýada, Hindistanda, Ýakyn Gündogarda, Günorta Ýewropada (Italiýada, Ispaniýada, Gresiýada we Fransiýada) we Latyn Amerikada has köp ýaýrandyr. Keseliň esasy sebäbi Bruselea melitensis mikrobedenjigi bolup, ol Awstraliýada, Kanadada, Israýylda, Ýaponiýada, Täze Zelandiýada ýok edilendir [1-3].

Böwrekleriň uly we koral daşlarynda dowamly piýelonefritiň geçiş akymyna baglylykda deriüsti punksion nefrolitotripsiýanyň geçirilişiniň aýratynlyklary

Allaberen ALLANAZAROW, Mämmetberdi ÇARYÝEWHalkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara iç keselleri merkezi, M.Garryýew adyndaky TDLU-nyň urologiýa we andrologiýa kafedrasy Böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlary peşew daş keseliniň 5%-den 35%-e çenlisini tutýar. Uly we koral görnüşli daşlar bir we ikitaraplaýyn duş gelýär. Köp awtorlaryň pikirlerine görä, böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlary böwrekleriň yzyna gaýdymsyz derejede zeperlenmelerine getirýär. Şu kesel sebäpli näsaglaryň işe ukyplylygy peselýär, ahyrynda maýyplygyň agyr derejelerine getirip, ýaşaýjylyk dowamlylygyny azaldýar. Şol sebäpli böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlarynyň bejerilişinde az inwaziw operatiw bejergi usulyny saýlap almaklyk urolog lukmanlarynyň öňlerinde goýlan maksatlarynyň biridir. Häzirki döwürde böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlarynyň bejerilişinde deriüsti punksion nefrolitotripsiýa (DPNL) endourologik operasiýalaryň içinde «altyn standart» usul hasap edilýär [1, 4]. Bu operatiw bejerginiň netijesinde, böwrekleriň uly we koral görnüşli daşlaryny 55-98%-e çenli doly aýryp bolýar [2, 6].