"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistan — ÝUNESKO: milletiň aň-paýhas kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilen hyzmatdaşlyk

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda Garaşsyz döwletimizde medeniýetiň, edebiýatyňdyr sungatyň gülläp ösmegi üçin hem ähli şertleriň döredilýändigini, milli mirasymyzy gorap saklamak, baýlaşdyrmak we wagyz etmek boýunça giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny, olaryň öz ajaýyp miwelerini berýändigini belläp, ýaňy-ýakynda «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly milli hödürnamanyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigi mynasybetli ýurdumyzyň ähli halkyny tüýs ýürekden gutlady. Milli medeni mirasy aýawly saklamaga we öwrenmäge, türkmen halkynyň dünýä medeniýetiniň kemala gelmegine goşandyny wagyz etmäge aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň ähmiýetini hemişe nygtaýar.

Türkmenistan tehnologiýalar asyrynda sanlylaşdyrmak işini çaltlandyrýar

«2021-nji ýylda, takmynan, 4,9 milliard adam ýa-da Ýer ýüzüniň ilatynyň 63 göterimi internetden peýdalandy. Munuň özi 2019-njy ýyldakydan 17 göterim köp bolup, hasaplamalara görä, şu agzalan döwürde 782 million adam internete birikdi...». Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşiginiň (HEB) sanly aragatnaşyk ulgamy boýunça her ýylda çap edilýän ählumumy bahalandyrmasyndan — «Maglumatlar we sanlar» atly neşiriniň 2021-nji ýyldaky goýberilişinden alnan şu maglumatdan görnüşi ýaly, pandemiýa şertlerinde dünýäde internetiň ulanylyşy görnetin ýokarlandy. Bu, gürrüňsiz, aragatnaşygyň şu görnüşiniň adatdan daşary ýagdaýlaryň dowam edýän döwründe iş, okuw, söwda we beýleki möhüm hyzmatlaryňdyr birek-birekden habarly bolmagyň gymmatly çeşmesine öwrülendigi bilen baglydyr. Şundan ugur alyp, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Türkmenistan hem aragatnaşygyň dürli ugurlary, şol sanda sanlylaşdyrmak ulgamy boýunça ýöriteleşdirilen düzüm hasaplanýan Halkara Elektroaragatnaşyk Birleşigi bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn gyzyklanma bildirýär. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 7-nji ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen täze ýyldaky ilkinji mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň garamagyna ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti has-da ösdürmek ma

Hoşniýetli hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8—9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde gadyrly garşylanyldy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safri ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylap, bu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen birnäçe duşuşyklar geçirildi. Iş saparynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi, birinji Wise-Prezidenti Mohammad Mohber, daşary işler ministri Hosseýn Amir Abdollahiýan, daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safri, ýol we şäher gurluşyk ministri Rostam Gasemi, şeýle-de Eýranyň nebit ministri Jawad Owji bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklaryň dowamynda möhüm meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy. Şunda ikitaraplaýyn gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegiň zerurdygy, hususan-da, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň bar bolan ähli mümkinçiliklerini peýdalanmagyň möhümdigi barada aýdyldy. Taraplar ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde iki ýurduň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hil taýdan täze derejä çykandygyny, sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça, hususan-da, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ö

Türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça 8-9-njy ýanwarda Türkmenistanyň wekiliýeti Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde iş saparynda boldy. Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen duşuşyklar geçirildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Tähran şäheriniň Halkara howa menzilinde gadyrly garşylanyldy. Bu ýerde Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Mehdi Safri ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowy hem-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowy mähirli garşylap, bu gezekki saparyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürilmeginde ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

TÜRK­ME­NIS­TAN – HY­TAÝ HALK RES­PUB­LI­KA­SY: yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş­ly­gyň ta­ry­hy ýo­ly

Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de ýur­du­my­zyň dün­ýä ösü­şi bi­len aýak­daş git­me­gi­ni üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len iň­ňän öň­den­gö­rü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Bu ba­bat­da göz­ba­şy­ny ga­dy­my dö­wür­ler­den alyp gaýd­ýan türk­men-hy­taý dost-do­gan­lyk, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gat­na­şyk­la­ry­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Türk­men we hy­taý halk­la­ry­nyň gat­na­şyk­la­ry­nyň se­ne ýaz­gy­sy özü­niň göz­ba­şy­ny müň­ýyl­lyk­la­ryň jüm­mü­şin­den alyp gaýd­ýar. Ga­dy­my hy­taý si­wi­li­za­si­ýa­sy türk­men­le­riň köp asyr­lyk me­de­ni-ta­ry­hy mi­ra­sy ýa­ly, bü­tin­dün­ýä ta­ry­hy­na özü­niň aý­gyt­ly tä­si­ri­ni ýe­tir­di. Türk­me­nis­ta­nyň Ýew­ro­pa­nyň we Azi­ýa­nyň, Gün­ba­ta­ryň we Gün­do­ga­ryň bir­leş­ýän ýe­rin­de, amat­ly geost­ra­te­gi­ki ýer­leş­me­gi bol­sa, ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri türk­men we hy­taý halk­la­ry­nyň ara­syn­da iç­gin söw­da-yk­dy­sa­dy we yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ma­ga ýar­dam ber­ýä

Türkmenistan — ÝUNISEF: netijeli hyzmatdaşlyk rowaçlanýar

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Iri halkara guramanyň wekili duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji direktory Ketrin Rasseliň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de gaznanyň Türkmenistan bilen däp bolan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmen-hytaý gatnaşyklary: ýaşlar bilen beýik geljege tarap

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Hytaý Halk Respublikasynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli, onlaýn duşuşyk geçirildi. «Dostluk taryhy boýunça ýaşlar maslahaty» ady bilen geçirilen bu duşuşyga Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynyň we Türkmenistanyň Ýaşlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary, Hytaýyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri hem-de ady agzalan döwletleriň Hytaýdaky ilçileri gatnaşdylar. Çäräniň esasy maksady sebitiň ýaşlarynyň hyzmatdaşlygyny ösdürmekden, medeni alyş-çalyş we telekeçilik innowasiýalarynda ýaşlaryň işjeňligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda beýik ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz Watanymyz dünýäniň öňdebaryjy döwletleri bilen özara peýdaly, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine daýanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär. Öz köklerini has uzakdan alyp gaýdyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga hem dostluga esaslanýan türkmen-hytaý gatnaşyklary Gahryman Arkadagymyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe has uly ösüşlere eýe bolýar.

Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk ösdürilýär

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň döwlet Baştutanymyza mähirli salamyny hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlag hatyny ýetirdi. Şeýle hem milli Liderimize Pekinde geçiriljek XXIV Gyşky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga resmi diplomatik çakylyk haty gowşuryldy.

Sagdyn nesil — bagtyýar geljek

6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) ýurdumyzdaky wekilhanasynyň wezipä täze bellenen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazini kabul etdi. Ol milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy. Duşuşygyň dowamynda milli Liderimiz we BMG-niň Çagalar gaznasynyň wekilhanasynyň ýolbaşçysy köpýyllyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hem-de umumy maksatlar we wezipeler bilen baglylykda, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada pikir alyşdylar. Ýurdumyzyň 2018 — 2022-nji ýyllar üçin ÝUNISEF-niň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanmagy bilen baglylykda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilendigi bellenildi.

Türkmenistan ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny teklip etdi

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitinde ýylyň jemi jemlenýär, ýakyn geljek üçin esasy wezipeler hem-de bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar, esasy halkara we sebit meseleleri boýunça garaýyşlar deňeşdirilýär. Bitarap Türkmenistan Arkalaşygyň ugry boýunça hyzmatdaşlygy özüniň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, GDA döwletleri bilen gatnaşyklaryny taryhyň dowamynda emele gelen dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň esasynda guraýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän GDA ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammitine gatnaşdy. Milli Liderimizi duşuşygyň geçirilýän ýeri bolan B. N. Ýelsin adyndaky Prezident kitaphanasynda Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin mähirli garşylady.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň her ýyl geçirilýän mejlisine gatnaşdy. Bu çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentleriniň we hökümetleriniň wekilleri, BMGÖM-niň, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň, «BMG–zenanlar» düzüminiň, Merkez Aziýa ýurtlarynyň raýat jemgyýeti edaralarynyň, arap zenan–parlamentarileriniň deňlik ugrunda «Ra edat» guramasynyň hem-de Afrika zenanlarynyň birleşiginiň ýolbaşçylary we wekilleri hem gatnaşdylar. Mejlisiň çäklerinde Dialogyň ilkinji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri jemlenildi hem-de bu guramany ösdürmegiň geljekki mümkinçiliklerine we 2022-nji ýyldaky işleriniň meýilnamalaryna garaldy. Şu maksat bilen, durnukly ösüş, zenanlaryň syýasy işi, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerinde eýeleýän orny, ykdysady mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak ugurlary boýunça birnäçe çäreler geçirildi, şolaryň barşynda jemleýji beýannamalar kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň nobatdaky mejlisi geçirildi, o

Tebigy gazyň akymy artýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz döwletimiziň gaz senagaty çalt depginlerde ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan gözbaş alýan düýpli özgertmeler ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylyşynyň ýokarlanmagyna kuwwatly itergi berýär. Şeýlelikde, mawy ýangyjy çykarmakda, ony gaýtadan işläp, sarp edijilere ugratmakda uly işler bitirilýär. Tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagy Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna ýardam edýär. Tebigy gazyň çykarylyşynda “Marygazçykaryş” müdirliginiň “Galkynyş” gaz käninde bitirilýän işler has-da guwandyryjydyr. Bu ýerde gaz guýularynyň 45-si hereket edip, olardan bir gije-gündiziň dowamynda bir million 580 müň kub metrden gowrak mawy ýangyç alynýar. Şeýle hem müdirligiň gaz guýularyny ýerasty abatlaýjylary köp ýyllardan bäri gaz berip gelýän guýulary ýokary hilli ýerasty abatlap, olaryň gaz çykaryjylyk mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny üpjün edýärler.

Maksatlaryň we tagallalaryň birligi GDA-nyň çägindäki gatnaşyklaryň giň gerim almagyna mümkinçilik berýär

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 28-nji dekabrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyny amala aşyryp, Sankt-Peterburgda geçirilen GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy. Onuň dowamynda ýurdumyz boýunça GDA-nyň çägindäki ylmy-lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze ugurlary teklip edildi. Gürrüňe girişmek üçin biraz yza dolanalyň! 1991-nji ýylda dünýäniň syýasy kartasynda özgerişler bolup, täze özbaşdak döwletleriň sany artanda, ykdysadyýeti belli bir derejede biri-birine bagly bolup durýan şol wagtky doganlyk Respublikalarda bir mesele örboýuna galypdy: geljekki garaşsyz ykdysadyýeti nähili guramaly? Edil şol wagt bu meseläni ýekelikde çözmegiň olaryň hiç birine-de oňyn netije bermejegine göz ýetirilensoň, tebigy ýagdaýda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny döretmek pikiri ýüze çykdy, giň goldawa eýe boldy. Onuň maksadynyň dünýä we sebit derejeli meseleler boýunça bilelikde hyzmatdaşlyk etmekdigi kesgitlendi.

Ak arzuwlar, belent maksatlar bilen

Jon MAKGREGOR,ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy:

Ak arzuwlar, belent maksatlar bilen

2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak başlangyjyny öňe süren Türkmenistan üçin geçip barýan ýyl daşary syýasatda-da üstünliklere beslenen ýyllaryň biri boldy. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň Ýer ýüzünde parahatçylygy we abadançylygy berkarar etmegi nazarlaýan möhüm teklipdir başlangyçlaryny has-da ilerletmekde, täze many-mazmun bilen olaryň üstüni ýetirmekde tutanýerli işler alnyp baryldy, anyk çäreler durmuşa geçirildi. Munuň özi Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikde eýeleýän ornunyň pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedir. Biz gazetimiziň şu ýyldaky jemleýji sanynda Türkmenistanda hereket edýän halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň käbiriniň Täze ýyl gutlaglaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmak isledik.

Netijeli hyzmatdaşlyk dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam edýär

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş sapary bilen baryp, Sankt-Peterburgda geçirilen GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy. Sankt-Peterburg şäheriniň «Pulkowo» Halkara howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Sankt-Peterburg, 28-nji dekabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA ýurtlarynyň Liderleriniň Sankt-Peterburgda geçirilýän resmi däl sammitine gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy. Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz hem-de Russiýanyň Parlamentiniň ýokary palatasynyň ýolbaşçysy 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Telefon arkaly söhbetdeşlik

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerine garaldy we parlamentara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn üns berildi. 2022-nji ýylyň maý aýynda Aşgabatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumyna taýýarlyk görmek hem-de ony geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň möhüm ugry

28-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna iş saparyna ugrady. Milli Liderimiz Sankt-Peterburgda geçirilýän GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl sammitine gatnaşdy. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar.