"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Türkmen-özbek ýolagçy gatnawlaryny ýola goýmak meýilleşdirilýär

Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministriniň orunbasary A.Mominowyň we «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň başlygynyň orunbasary W.Hojanepesowyň, şeýle-de awtoulag, demir ýol hem-de awiasiýa ulgamlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda 8-9-njy awgustda Daşkentde ulag meselesi boýunça Türkmen-özbek iş toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda iki ýurduň arasynda üstaşyr-ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň habar bermegine görä, maslahatyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky gatnawlaryň doly dikeldilmegine, ýük daşamak üçin talaplaryň ýönekeýleşdirilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.

Türkmen-özbek bilelikdäki ulag kompaniýasynyň döredilmegi teklip edildi

Özbegistan ýük awtoulaglarynyň (TIR) daşalmagy üçin Türkmenistan bilen bilelikdäki ulag kompaniýasyny döretmegi teklip etdi. Bu baradaky teklip Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň sişenbe güni Taşkentda ýurduň halkara ulag geçelgelerini ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak baradaky tanyşdyrylyşynyň dowamynda mälim edildi. Tanyşdyrylyşyň barşynda bu ugurda Pakistan bilen hem bilelikdäki kompaniýanyň döredilmegi teklip edildi. Şeýle-de Özbegistanyň Ulag ministrligine telekeçiler üçin iň amatly ugurlary işläp düzmek we ulag çykdajylarynyň azalmagyny gazanmak tabşyryldy. Bu barada Özbegistanyň “Yuz.uz” agentligi habar berdi.

Türkmenistan Bakuwdaky halkara demirýol ýük daşamalary boýunça maslahata gatnaşdy

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde duşenbe güni Aziýa-Ýuwaş Umman ýurtlary – Gyrgyzystan – Özbegistan – Türkmenistan – Azerbaýjan – Gruziýa – Türkiýe – Ýewropa halkara multimodal ugrynyň demir ýol ulag edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Azerbaýjanyň “ADY Container” kompaniýasyna salgylanyp, “Trend” agentligi habar berdi. Duşuşygyň barşynda Azerbaýjan Demirýollarynyň başlygynyň orunbasary Ikbal Huseýnow ugruň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak üçin gatnaşyjy ýurtlaryň demir ýol dolandyryjylarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçdi.

Ýaşlar syýasaty: giň mümkinçilikler, oňyn tejribeler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutany hökmünde wezipä girişmek dabarasynda eden çykyşynda: «Türkmenistan ýaş nesillere aýratyn üns berilýän ýurtdur. Häzirki döwürde ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegi Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesillerdir. Bu nesil eziz Watanymyzyň geljegini gurujylardyr» diýmek bilen, jemgyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň daýanjy bolan ýaşlar baradaky aladany esasy maksatlarynyň hatarynda kesgitländigini nygtady. Şunda täze taryhy döwürde ýaşlar syýasatyny has-da kämilleşdirmek, ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, olaryň başlangyçlaryny höweslendirmek ilkinji nobatdaky wezipelerdir. Türkmen ýaşlarynyň halkara guramalaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlardyr festiwallaryň işine işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegi hem şu wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Golaýda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Goşulyşmazlyk Hereketine agza ýurtlaryň Ýaşlar sammiti geçirildi we oňa dünýäniň 60-dan gowrak döwletine wekilçilik edýän ýaşlaryň uly topary gatnaşdy. Şolaryň hatarynda Türkmenistandan hem wekiliň bolmagy ýurdumyzyň agzalan guramanyň çägindäki köptaraplaýyn hereketlere uly gyzyklanma bildirýändigini, döwletara gatnaşyklarda, parahatçylygy

Size nähili hyzmat edilýär?

Gazçylaryň şäheri gözelleşýär Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gaz senagaty pudagy ösüşli döwri başdan geçirýär. Muňa Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda bu möhüm pudakda gazanylýan uly üstünliklerem muňa güwä geçýär. Şeýle belent sepgitler zähmetsöýer gazçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmäge gönükdirilen tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi bilen utgaşýar.

Hazar — dost-doganlygyň deňzi

Daýym göwni hoşly gojaman Hazar! Joşgunlary joşly nowjuwan Hazar!Tolkunlary bagta badalga Hazar! Kenarlary dosta düşelge Hazar!Munda heňňam boýy arkama-arka,Azerbaýjan,Türkmen, Eýran, Gazak,Rus,Daşyňa orandyr doganlyk halka.Ähti-peýmanlary kalplara hoşluk,Sammitden-sammite bekeýär dostluk.Giňligi dünýäniň giňligine deň,Gözýetimi täze menzile çelgi, Hazar sammitinde didarlaşmaga,Goňşy dogan iller ýurduma geldi. Gojaman Hazar tebigy baýlyklara baý deňiz. Hazaryň kenaryndaky döwletler şol baýlyklary rejeli peýdalanmak bilen birlikde bu deňzi dostlugyň, hyzmatdaşlygyň deňzine öwürdiler.

Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň çygry we geografiýasy has-da giňeýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda öňe süren teklipleri hem-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda işjeň döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň, sebitde hakyky hoşniýetli goňşuçylyga mahsus ýagdaýy ilerletmegiň ýolunda möhüm ädimlerdir. Soňky wagtlarda Türkmenistanyň sebitiň syýasy-diplomatik, durmuş-ykdysady we medeni-ynsanperwer durmuşynda eýeleýän işjeň ornuny barha pugtalandyrýandygy diňe ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, sebit we dünýä derejesinde hem ykrar edilýär. Munuň özi diňe bir dogumly hereket ýa-da ynamly ädim bolman, döwrüň şu günki talaplaryna we ýagdaýlaryna laýyklykda iş alyp barmakdyr. Şunda sebitiňdir dünýäniň syýasy sahnasyna çykyp, ökde syýasatçy hökmünde tanalyp başlan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň kesgitlän anyk ugurlaryna aýratyn ünsi çekmek zerur. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli, maksada okgunly amala aşyrylýan daşary syýasat soňky birnäçe ýylyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň aýgytly

Ýolagçylary we ulaglary barlamak boýunça okuw maslahaty geçirildi

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda «Pandemiýa sebäpli deňiz portlarynyň howpsuzlygy we gözegçilik babatda häzirki zaman tejribelerini kämilleşdirmek» atly bäş günlük onlaýn okuw maslahaty geçirildi. Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen maslahata degişli döwlet edaralary bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri we bu ugur boýunça halkara, milli hünärmenler hem gatnaşdylar diýip, gullugyň resmi saýtynda habar berildi.

Türkmenistan — ÝUNESKO: köpugurly hyzmatdaşlygyň rowaç menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan daşary syýasat strategiýasynda BMG-niň Bilim, ylym, medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi. Arkadagly Serdarymyz iň ýokary döwlet wezipesine girişmek dabarasynda eden çykyşynda taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak, öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işleriniň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýdyp, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem ähli tagallalaryň ediljekdigini nygtady. Munuň özi ýurdumyzyň medeni diplomatiýasynda öňe sürülýän başlangyçlaryň bu ýöriteleşdirilen düzümiň maksatdyr wezipeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyna güwä geçýär. Biz Türkmenistan — ÝUNESKO hyzmatdaşlygy boýunça amala aşyrylýan köpugurly işleriň ähmiýeti, bu ugurda öňde durýan wezipeleri barada gyzyklanyp, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rustemowa bilen söhbetdeş bolduk.

Halkara derejeli duşuşyk

1-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafiniň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmeginiň, şeýle hem energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň, özara haryt dolanyşygynyň möçberleriniň mundan beýläk-de artdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Gahryman Arkadagymyz dostlukly döwletiň Baştutany bilen mähirli salamlaşyp, özbek Liderini 65 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk we abadançylyk, doganlyk halkyň bähbidine alyp barýan giň gerimli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Prezident Şawkat Mirziýoýewiň parasatly ýolbaşçylygynda Özbegistan Respublikasy ägirt uly özgertmeleri amala aşyryp, ösüşiniň täze tapgyrynda ajaýyp üstünlikleri gazanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy soňky ýyllarda hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolan döwletara gatnaşyklarynyň ýetilen derejesine ýokary baha berip, şol gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna Özbegistanyň Baştutanynyň aýratyn üns berýändigini hem-de şahsy goşandyny belledi. Gahryman Arkadagymyz türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin bilelikde uly tagallalaryň edilýändigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakynda Özbegistana bolan döwlet saparyny ýatlady, şonuň barşynda gazanylan üstünlikleriň häzir mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolandygyny belledi.

Türkmenistan – Özbegistan Respublikasy: strategik hyzmatdaşlygyň çägi giňeldilýär

Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna döwlet sapary ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwatynyň hem-de umumy bähbitlere – parahatçylyga, ösüşe we abadançylyga gönükdirilen daşary syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň beýany boldy hem-de strategik hyzmatdaşlyk häsiýetine eýe bolan hem-de doganlyk türkmen we özbek halklarynyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara goldaw bermek däplerine esaslanýan netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň ýolunda ädilen ähmiýetli ädim boldy. Bu hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna ilkinji saparydyr. Döwlet Baştutanymyz «Ýangi Uzbekiston» seýilgähindäki Garaşsyzlyk binasyna ajaýyp gül dessesini goýýar. Bu ýerde hünärmen hormatly Prezidentimizi bu ajaýyplygyň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdy.

Türkmenistanyň täze başlangyçlary

dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň üpjün edilmegine saldamly goşantdyr Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan netijeli daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrmak bilen ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, ilkinji nobatda bolsa, halklarynyň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklary bolan Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda sebitde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmek boýunça öňe süren täze başlangyçlary muny nobatdaky gezek tassyklady.

Hindistanda Merkezi Aziýa bilen aragatnaşyga bagyşlanan Çabahar güni geçirildi

Hindistanyň Portlar, deňiz daşama we suw ýollary ministrligi ýekşenbe güni Mumbaýda Merkezi Aziýa ýurtlaryna baglaşýan Halkara Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesiniň (HDGUG) bir bölegi bolan “Çabahar” portuna bagyşlanan Çabahar gününi geçirdi. Bu barada ministrligiň metbugat beýanatynda habar berildi. Hindistanyň Portlar, daşama we suw ýollary ministri Sarbananda Sonowal öz çykyşynyň dowamynda öz ýurdunyň Eýranyň Çabahar şäherindäki “Şahid Beheşti” portuny GDA ýurtlaryna ýetmek üçin HDGUG-yň üstaşyr merkezine öwürmäge maksat edinýändigini aýtdy.

Dost-doganlyk gülleýär

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW: — Biziň esasy maksadymyz türkmen-özbek doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan, ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekden we giňeltmekden ybaratdyr. Sebitdäki goňşy ýurtlar, şol sanda Özbegistan Respublikasy bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 14-15-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Hormatly Prezidentimiziň Özbegistan Respublikasyna bolan döwlet sapary türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny täze many-mazmun bilen baýlaşdyrdy. Arkadagly Serdarymyzyň dostlukly Özbegistana amala aşyran döwlet sapary taryhyň uzak menzillerinde bir derýanyň suwuny içip, hemişe dost-doganlykda, goňşuçylykda gatnaşyp gelen türkmen we özbek halklary üçin ak ýollary açmagyň sapary boldy.

Tä­ze gat­na­şyk­la­ra ba­dal­ga

Mä­lim bol­şy ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ga­dy­my ýö­rel­ge­le­ri di­kelt­mek, baý mil­li mi­ra­sy aýaw­ly sak­la­mak, ola­ry yl­my esas­da öw­ren­mek we giňden wa­gyz et­mek Türk­me­nis­ta­nyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan ÝU­NES­KO-nyň Bü­tin­dün­ýä sa­na­wy­na hal­ky­my­zyň mad­dy we mad­dy däl me­de­ni­ýe­ti­niň gör­nüş­le­ri­ni we beý­le­ki des­ga­la­ry goş­mak ba­ra­da­ky baş­lan­gy­jy öňe sü­rüp, bu ugur­da­ky iş­le­ri yzy­gi­der­li do­wam et­dir­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­na golaýda bolan döw­let sa­pa­ry­nyň mak­sat­na­ma­sy­na Sa­mar­kan­da ba­ryp gör­mek çä­re­si­niň go­şul­ma­gy­ aý­ra­tyn ma­na eýe­dir. Do­gan­lyk halk­la­ryň mil­li me­de­ni­ýet­le­ri­niň we däp­le­ri­niň umu­my­ly­gy, asyr­lar aşyp gel­ýän hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy hem­me­ta­rap­la­ýyn pug­ta­lan­dyr­mak, onuň maz­mu­ny­ny baý­laş­dyr­mak üçin pug­ta bin­ýa­dy eme­le ge­tir­ýär.

Yk­lym­la­ry bir­leş­dir­ýän güýç

Türk­me­nis­tan oňyn Bi­ta­rap­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we açyk­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ry dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len, se­bit­le­ýin hem-de hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy dür­li gör­nüş­ler­de ne­ti­je­li ös­dür­mek ug­run­da çy­kyş ed­ýär.  Türk­me­nis­ta­nyň ulag stra­te­gi­ýa­sy uzak­möh­let­le­ýin hä­si­ýe­te eýe­dir. Şu mak­sat bi­len, ýur­du­myz söw­da-yk­dy­sa­dy ul­gam­da öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­mek, me­de­ni-yn­san­per­wer ul­gam­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gy hö­wes­len­dir­mek bo­ýun­ça anyk ädim­le­ri äd­ýär, iri dü­züm­le­ýin tas­la­ma­la­ryň ba­şy­ny baş­la­ýar we ama­la aşyr­ýar. Bu di­ňe bir oňyn öňe­gi­diş­lik­le­ri hem ösüş­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­mek bi­len çäk­len­män, şol bir wag­tyň özün­de döw­rüň ýü­ze çy­kar­ýan mö­hüm me­se­le­le­ri­niň hem­me­ta­rap­la­ýyn öw­re­nil­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär. 

Sebitde we dünýäde parahatçylygy goramagyň bähbidine

29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde BMG-niň Nýu-Ýorkda ýerleşýän ştab-kwartirasyndan gelip gowşan hoş habar aýdyldy. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň syýasy we ykdysady durnuklylygyň saklanylmagyna, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň berkidilmegine, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine gönükdirilen işjeň syýasatynyň netijeli häsiýetini giňden açyp görkezdi. «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, daşary syýasatymyzda alnyp barylýan uly işleriň çäklerinde Milletler Bileleşiginiň ähli agza döwletleri tarapyndan kabul edilen bu resminama ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky beýanydyr. Täze Kararnamanyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşylanda, Türkmenistanyň wekiliýeti ýurdumyzyň we beýleki Merkezi Aziýa döwletleriniň bu mesele barada özara ylalaşylan garaýyşlaryny beýan etmek bilen, sebitiň hyzmatdaşlyk hem-de ösüş üçin ägirt uly

Şan-şöhratly Watanym

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işler özüniň taryhy ähmiýetliligi bilen ulus-ilimizde hoşallyk duýgusyny döredýär hem-de ata Watanymyzyň ähli ugurlarda gülläp ösmegini üpjün edýär. Döwlet Baştutanymyzyň öňe sürýän umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapmagy buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. 29-njy iýulda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 97-nji plenar mejlisinde «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi hakdaky hoş habary egsilmez şatlyk duýgusy bilen kabul etdik. Bu hoş habar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda berkarar Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen oňyn içeri we daşary syýasatynyň dabaralanýandygynyň, ýurdumyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýynyň barha beýgelýändiginiň alamatydyr.

Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary bilen duşuşyk

2022-nji ýylyň 1-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna, şeýle hem söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň baş direktory bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Baş sekretary Naýef Falah Mubarak Al-Hajrafyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Aýlagdaky Arap Döwletleriniň Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.