"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşdy. Günüň ikinji ýarymynda Gahryman Arkadagymyz üçünji Antalýa diplomatiýa forumynyň geçirilýän ýeri bolan “Nest” kongresler merkezine ugrady. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ilkinji iki aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, degişli hasabatlar diňlenildi, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň gaýragoýulmasyz wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa çykyş edip, şu ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Resmi habarlar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna talabalaýyk ideg etmek, şeýle hem “Türkmenistanda 2024-nji ýylda bag ekmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda çykaran 867-nji Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. Ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerine ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy. * * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar BERDIMUHAMEDOWA

Size şatlykdan doly, bagtly 2024-nji ýyly we Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza üstünlikleri arzuw edýärin, şeýle-de meniň üçin örän gymmatly bolan hoşniýetli arzuwlaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady

Aşgabat, 1-nji mart (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow üçünji Antalýa diplomatiýa forumyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady. Watanymyz oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirip, dünýäniň döwletleri bilen ikitaraplaýyn esasda, sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini ara alyp maslahatlaşmaga hem-de işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýär.

Milli Liderimiz Antalýa diplomatik forumynda çykyş etdi

Dünýäniň 150-ä golaý döwletinden 4500 töweregi wekili bir meýdança jemlän 3-nji Antalýa diplomatik forumynyň işine resmi taýdan badalga berildi. Günüň ikinji ýarymynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nest» kongresler merkezinde dowam edýän foruma gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi. Çykyşda häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça ýurdumyzyň ileri tutýan garaýyşlary öz beýanyny tapýar. Türkmen we türk alyp baryjylary «Nest» kongresler merkeziniň «Amfiteatr» mejlisler zalynda geçirilýän çäräni açyk diýip yglan edenlerinden soňra, Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip çykyş etdi.

Jogapkärli möwsüme ykjam taýýarlyk

26-njy fewralda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabatlary berdiler. Obasenagat toplumyna gözegçilik edýän wise-premýeriň hasabatynda hem ýurdumyzda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada aýdyldy.

Türkmen paýhasynyň synmaz sütüni

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine bagyşlanan çäreler giň gerime eýe bolýar Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden başlap, Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren hem-de ýaşlarda ýokary ahlaklylyk, ynsanperwerlik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň milli mekdebiniň binýadyny emele getirýän baý edebi mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Antalýa diplomatik forumy öz işine başlady

Şu gün günüň ikinji ýarymynda «Nest» kongresler merkezinde üçünji Antalýa diplomatik forumynyň resmi açylyş dabarasy boldy. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Forumyň geçirilýän ýerine gelende, Gahryman Arkadagymyzy Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan garşylady.

Iş maslahaty geçirildi

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda, ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Gahryman Arkadagymyz türk işewürleri bilen duşuşdy

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak üçin Türkiýede bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow türk işewürleri — «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşyklary geçirdi. Duşuşyklarda agzalan kompaniýalaryň ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandy bellenildi. «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen geçirilen duşuşykda Milli Liderimiz türkmen-türk gatnaşyklarynyň häzirki wagtda okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp, ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň dürli ugurlary, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýandygyny nygtady. Şunda «Çalyk Holding» kompaniýasy tarapyndan gurlan hem-de iň täze tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan saglygy goraýyş, önümçilik, energetika desgalarynyň Türkmenistan üçin uly ähmiýete eýedigine üns çekildi. Hazar deňziniň kenarýakasynda guruljak, kuwwaty 1574 megawat bolan utgaşykly görnüşdäki elektrik stansiýasy bolsa türkmen elektrik energiýasynyň goňşy döwletlere eksportyny artdyrmaga, doganlyk Türkiýe Respublikasyna

Antalýa duşuşygy: 3 sany resminama

3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren duşuşygynyň ahyrynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda uglewodorod serişdeleri babatda hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýiller hakynda Jarnama; «Türkmengaz» döwlet konserni bilen Türkiýe Respublikasynyň Energetika we tebigy serişdeler ministrliginiň arasynda tebigy gaz ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesi babatda özara hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama; «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Türk aeronawtika birleşigi uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar. Bu resminamalar agzalan ugurlarda özara gatnaşyklary has-da ösdürmegiň anyk wezipelerini özünde jemläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyz Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy

Şu gün 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkiýede iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly ýurduň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen duşuşdy. Duşuşygyň başynda Gahryman Arkadagymyz ony 70 ýaş ýubileýi bilen gutlap, tüýs ýürekden çykýan arzuwlaryny beýan etdi we asylly däbe eýerip, türk Liderine milli lybas bolan türkmen içmegini sowgat berdi. Gadymy däbe görä, içmek il içinde uly abraýdan peýdalanýan adamlara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde gowşurylýar. Mälim bolşy ýaly, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti, görnükli döwlet we syýasy işgäri Rejep Taýyp Ärdogan şu ýylyň 26-njy fewralynda özüniň şanly 70 ýaş toýuny belledi. Şu mynasybetli, Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň degişli Permany bilen, Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adynyň dakylandygyny belledi. Bu hormatly at oňa Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn hyzmatlary, iki döwletiň uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatda

Milli Liderimiz Antalýa bardy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Türkiýe Respublikasynyň Antalýa şäherine bardy. Saparyň maksady tutuş dünýäde ýylyň iri diplomatik wakalarynyň biri hasaplanýan 3-nji Antalýa diplomatik forumyna gatnaşmakdan ybaratdyr. Irden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy iki ýurduň Döwlet baýdaklary galdyrylan Antalýa şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde  belent mertebeli türkmen myhmanyny Antalýa welaýatynyň häkimi, türkiýeli işewürler, Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary we beýleki adamlar garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda we ösdürmekde Siziň uly goşandyňyz hem-de aýratyn ünsüňiz üçin minnetdarlygymy bildirmek isleýärin” diýip, Gahryman Arkadagymyz gutlag hatynda belledi.

Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy — ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysadyýetiň milli nusgasy ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly alyp barmaga, dünýä hojalyk gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam berýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny» tassyklamagy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly şygary astynda geçýän ýylda ata Watanymyzy mundan beýläk-de belent sepgitlere ýetirmegiň ýolunda möhüm ädim boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ylmy çemeleşmelere, hojalygy netijeli dolandyrmaga, çaklamalara we meýilnamalaşdyrmaga esaslanýan ösüş strategiýasy köpugurly ykdysady, tebigy çig mal kuwwatyny özünde jemlemek bilen, milli hem-de halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmäge, döwrebaplaşdyrmagyň, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmagyň, bazar gatnaşyklarynyň, döwlet kadalaşdyrylyşynyň netijeli utgaşdyrylmagynyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna ähli ulgamlarda giň gerimli işleri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Bu Maksatnamanyň kabul edilmegi, ilkinji nobatda, “Berkar

Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň rowaçlygy — ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň esasy wezipesi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Rustam Minnihanowa tüýs ýürekden berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, bagtyýarlyk, şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň doganlyk halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.