"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Ajaýyp kitaby okap...

Taryhy medeniýetiň ýaňy Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenilýän günlerinde, has takygy, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi taryhy medeniýetimiziň şan-şöhratyny has-da belende göterdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bu ajaýyp waka mynasybetli ýazan «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitaby göwünlere ganat baglady.

Ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynda welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli ÇYKYŞY

(Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby, 2024-nji ýylyň 27-nji marty) Essalawmaleýkim, hormatly adamlar!

Sahawatlylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanýan eýýamy

Sahawatlylyk, haýyr işlere amal etmek, sogap gazanmak her bir ynsanyň ömrüni bezeýän, ýaşyny uzaldýan işlerdir. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň, haýyr-yhsanlyga, halallyga, belent adamkärçilige ýugrulan ýol-ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sogap işleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň döwlet syýasatynda esasy ýörelgä öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Türkmen halky bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän iň oňat şertlerinden peýdalanyp, eşretli durmuşyň hözirini görýär, halal zähmet çekip, rysgal-berekede ýetýär. Mukaddes Oraza aýynda il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyz täze röwüşde dowam etdirilip, kalbymyzy ruhubelentlige besleýär. Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Gadyr gijesi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda her ýyl iş kesilenleriň günäsiniň geçilmegi

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri!

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisine gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar!Gadyrly söwda toplumynyň işgärleri! Sizi Türkmenistanyň söwda toplumynyň sergisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Obasenagat toplumyny ösdürmek — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm ugurlarynyň biridir. Onuň ösdürilmegine döwlet tarapyndan uly ähmiýet berilýär. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamasy munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamak boýunça toplumlaýyn çäreler kesgitlenilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, bugdaýyň we gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek, daýhanlaryň ýere bolan höwesini artdyryp, yhlasly zähmet çekmekleri üçin, oba hojalyk önümlerini öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2 müň manat; nah pagtanyň bir tonnasy üçin döwlet satyn alyş bahalary ýygymyň başlanýan gününden 15-nji oktýabra çenli 5 müň manat, 15-nji oktýabrdan 15-nji noýabra çenli 4 müň 770 manat, 15-nji noýabrdan ýygymyň tamamlanýan gününe çenli 4 müň 550 manat; ýüpek pagtanyň bir tonnasy

Türkmen medeniýeti dünýä ýaň salýar

Geçen hepdede Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilen dabaralar halkymyzyň ruhy we medeni mirasyna üýtgewsiz ygrarlydygynyň, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde goýlan maksatlara ýetmekde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň daşynda mäkäm jebisleşendiginiň aýdyň beýany boldy. 27-nji martda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyz bilen bu düzümiň arasynda köpugurly gatnaşyklaryň geljegi barada pikir alşyldy. Ilkinji nobatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda, ekologiýa, syýahatçylyk ugurlary boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Energetika pudagynda, ulag-logistika ulgamynda hyzmatdaşlyk ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Bilimli nesliň aladasy

Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda bilim syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, ýaş nesillerimiziň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda guwanja mynasyp işler alnyp barylýar. Berkarar Watanymyzda döwrebap derejede enjamlaşdyrylan bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň kaşaň binalarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi, her ýylda ilkinji gezek ak mekdepleriň bosagasyndan ätleýän çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan kompýuterleriň sowgat edilmegi-de bilimli nesli kemala getirmek ugrundaky tagallalaryň güwäsidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerine 2024-2025-nji okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek boýunça degişli resminama gol çekmegi biz — bilim işgärlerini has-da buýsandyrdy. Hökümetiň şol mejlisinde bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda birinji synpa kabul edilmegine garaşylýan 155 müň 641 okuwçyny kompýuterler bilen üpjün etmek meýilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzda ýaş nesliň bilimli, ählitaraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda durmuşa geçiril

Ýaş nesil — geljegimiz

Nurana geljegi röwşen umytlar bilen baglanyşdyrýan çagalar baradaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Ösüp gelýän ýaş nesilleri hemmetaraplaýyn alada we mähir bilen gurşap almak milletimize mahsus asylly ýörelge bolmak bilen, bu ugurdaky tagallalar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüşli ugurlarda dowam etdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp, tutuş ýurdumyz boýunça häzirki zaman mekdebe çenli çagalar edaralary, orta mekdepler, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döredijilik merkezleri, bedenterbiýe-sagaldyş we dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlary bina edilýär. Ýurdumyzda körpe türkmenistanlylaryň bagtyýar durmuşy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Olaryň bilime, saglygyny berkitmäge bolan hukuklary berjaý edilýär, körpeleriň ruhy, aň-paýhas hem-de döredijilik ukyplaryny açmaklary üçin iň zerur şertler üpjün edilýär.

Agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek bol hasylyň girewidir

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Ösüşlerden ösüşe barýar gül Diýarymyz Siz bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!

27-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde bina edilen täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy we bu ýerde agzaçar sadakasyny berdi. Hajy Arkadagymyzyň teklibi boýunça täze metjit ata-babalarymyza we geçmiş mirasymyza, taryhda öçmejek yz galdyran şahsyýetlerimize hormat-sarpa goýmagyň nyşany hökmünde «Seýit Jemaleddin metjidi» diýlip atlandyryldy. Bu şanly wakanyň mübärek Oraza aýynda geçirilmegi, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli guralýan medeni-köpçülik çäreleri bilen gabat gelmegi halkymyzyň taryhyň dowamynda döreden asylly däp-dessurlarynyň dünýä nusgalyk ynsanperwer ýörelgeler bilen utgaşýandygynyň aýdyň beýanydyr. * * *

Resmi habar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow «Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda» Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Netijeli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär

1-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýewe söz berildi. Häkim welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Eziz Diýar şanly wakalara beslenýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzyň şan-şöhraty has-da belent derejelere eýe bolýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda milli gymmatlyklarymyz, gadymdan gelýän medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Munuň özi halklaryň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrýar. Çünki medeniýet diplomatiýasy hoşniýetli hyzmatdaşlygyň möhüm guralydyr. Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi her bir türkmeniň buýsanjyny goşalandyrdy. Geçirilen dabaralaryň çäklerinde taryhy kökleri, medeniýeti meňzeş we umumy çeşmelerden gözbaş alýan türki dünýäsiniň doganlyk halklarynyň wekilleri ak şäherimiz Aşgabadyň hem-de Arkadag şäheriniň gözelliklerini synladylar. «Gadymy Änew medeniýeti» ady bilen ylymda giňden tanalýan Änew topragy doganlyk ýurtlardan gelen myhmanlary, türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda, gujak açyp garşy aldy.

Ýurdumyzyň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylýar

30-njy martda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň bäşinji maslahaty geçirildi. Onuň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna we ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe möhüm kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryna garaldy hem-de kabul edildi. Maslahata ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, deputatlar energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady, guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän «Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, bu ugurda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksadу bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalaryň ulanylmagy, Türkmenistanda energetiki menejmentiň ornaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Änew — taryhy medeniýetiň ojagy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklara utgaşyp gidýän taryhymyzyň naýbaşy gymmatlyklaryny özünde jemleýän taryhy ýadygärliklerimizi düýpli öwrenmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek boýunça döwlet derejesinde uly işler amala aşyrylýar. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy TÜRKSOÝ tarapyndan gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bir hatarda «Gadymy Änew medeniýeti» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi taryhy wakadyr. Ine, bu günki gün bolsa, biz ýene-de bir taryhy pursada şaýat bolduk. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby elimize gelip gowuşdy.