"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@sanly.tm

Makalalar

Watan goragy mukaddesdir

Bu jümle diňe harby gullukçylaryň däl, eýsem, ähli raýatlarymyzyň ýüreginde-de ýer alandyr. Çünki Oguz han atamyzdan gözbaş alyp gaýdýan watansöýüjilik duýgusy her bir türkmeniň ganynda, aňynda bar. Şoňa görä, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ähli düzümleri işlerini sazlaşykly ýola goýup, jemgyýetimiziň asudalygynyň, abadançylygynyň goragynda sak durýarlar. Mälim bolşy ýaly, 2-nji iýunda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine garaldy, bu düzümleriň ýakyn geljek üçin işleriniň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi. Şeýle hem onuň gün tertibine Garaşsyz ýurdumyzda howpsuzlygy, parahatçylygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini kämilleşdirmek, döwlet emläginiň, şol sanda maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna, sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna gözegçilik etmek bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Ygtybarly hyzmatdaşlyk ösüş ýolunda

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Ýaşlar — röwşen geljegimiz

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň tagallalary bilen alnyp barylýan döwletli işleriň esasy maksady halkymyzyň asuda we parahat durmuşda bagtyýar ýaşamagyna, geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilim almaklaryna we islegli kärlerinde ökde hünärmenler bolup zähmet çekmeklerine gönükdirilýär. Türkmen ýaşlary Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň geljegi. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby we pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür. Häzirki wagtda Türkmenistanyň kanunçylygy jemgyýetimizde şeýle möhüm orun eýeleýän ýaşlaryň durmuş-ykdysady we syýasy hukuklaryny doly goraýar.

Gatnaşyklar berkidilýär

Öňňin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Jenap Jon MakGregor wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, milli Liderimize Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Helga Şmidiň mähirli salamyny hem-de tutuş türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda ÝHHG-niň oňyn bitaraplyk syýasatyny durmuşa geçirýän hem-de sebitde we ählumumy möçberde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etmäge saldamly goşant goşýan Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi.

Hoşniýetli hyzmatdaşlygyň giň gerimi

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Dürli ulgamlarda bilelikdäki taslamalaryň ençemesiniň durmuşa geçirilendigi we geçirilýändigi şol hyzmatdaşlygyň netijesi bolup durýar. Sebit we dünýä ösüşiniň bar bolan kuwwatyndan, ileri tutulýan wezipelerinden ugur almak bilen, sanly ykdysadyýet, durnukly energetika we energiýa howpsuzlygy, ulag hem-de üstaşyr geçelgeleriň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Ekologiýa, howanyň üýtgemegi, suw serişdelerini rejeli ulanmak, Aral bilen baglanyşykly meseleler özara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary bolup durýar.

Resmi habar

Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda telekeçilik işini höweslendirmek, telekeçilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegini kämilleşdirmek, telekeçiligiň ykdysadyýetde eýeleýän ornuny has-da artdyrmak, şeýle hem täze iş ýerlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti «Döwlet tarapyndan telekeçiligi maliýe taýdan goldamak hakyndaky» Karara gol çekdi.

Kerwen geçen ýollary yzarlap

Çagakak Aşgabat hakda oňa gidip gelenlerden köp eşiderdik. Belent-belent jaýlar, seýilgähler, çagalar üçin ýörite gurlan dynç alyş merkezler, garaz, şol ýerlerde düşülen fotosuratlar ählimiziň gözümizi eglärdi. Gezelenç edip gelen synpdaşymyzyň daşyny gallardyk. Ine, bu Ertekiler dünýäsi, bu ýeri ýadygärlik diýip gürrüň berýän ýoldaşymyza gözümiz giderdi. Içimizdenem: «Bizem dynç alşa çykanymyzda gidäýsedik» diýip hyýal ýüwürderdik. Iň bärkijesi awtobuslarda gidip barýarkaň, şähere gezelenje gelenler hatar gurap duran ýokary okuw mekdepleriniň deňesinden geçenlerinde çagajygyna ýüzlenip: «Seret, balam, geljekde senem şular ýaly bilim ojaklarynda okap, bilim almaly, ýüzüňe syl!» diýýän sözlerine örän imrinýärsiň. «Oglum paýtagtda okap ýör. Gyzymy paýtagtda işe alyp galdylar. Oglum jaý toýuny tutýar. Şony gutlamaga Aşgabada barýarys» diýlen ýaly ata-eneleriň buýsançly sözlerini köp eşidýäris. Edil şol pursat Aşgabatdaky ýaşaýyş has başgaça görünýär. Haýran galaýmaly. Duz nesibäň çekip ýaşap başlasaň, ozalky pikir ýöretmeleriň, göz öňüne getirmeleriň durmuşy bolýar duruberýär. Şäheriň ajaýyp binalaryna, köp adamly köçelerine, bäş welaýatdan gelip, dogan ýaly gatnaşýan adamlara nazar aýlanyňda bolsa göwnüň g

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

8-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň täze bellenilen ýolbaşçysy Jon MakGregory kabul etdi. Ol özüniň wezipesini ýerine ýetirmäge girişdi. Söhbetdeşligiň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji mejlisinden soňky oýlanmalar

Möhüm ädim Ajap eýýamymyzda milli ykdysadyýetimizde gazanylýan uly üstünlikler döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda bolup geçýän guwançly wakalar bilen utgaşýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzyň ýene bir möhüm wakasynyň şaýady bolmak bagty miýesser etdi. Has takygy, gözel paýtagtymyzdaky täze gurlup, ulanmaga berlen Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň täze palatasynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi.

Milli atşynaslyk däpleri ösdürilýär

6-njy iýunda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Biziň baş maksadymyz halkymyzyň durmuşyny gowulandyrmakdan ybaratdyr

Türkmenistan döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urup, mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Şu döwrüň içinde geçilen ýol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňde goýan, deňi-taýy bolmadyk ägirt uly täzeçillik hem-de uzak möhletleýin wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine beslendi. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgede öz beýanyny tapýar. Ykdysadyýet, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, durmuş ulgamlary we beýlekiler — bularyň her biri täze sepgitlere çykyp, her bir ädimde hormatly Prezidentimiziň maksada gönükdirilen oňyn özgertmeleriniň miweleri aýdyň görünýär. Olar türkmen döwletiniň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga hyzmat edýär.

Ykdysady ösüşiň möhüm ädimleri

Mälim bolşy ýaly, ösen döwletiň ykdysadyýetiniň esasy maksady halkyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakdan ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan seredilende, häzirki wagtda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigi aýratyn bellenmelidir. Muňa hormatly Prezidentimiziň 4-nji iýunda geçiren Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisiniň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Mejlisde halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Gün tertibine girizilen meseleler boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat bilen çykyş etdiler. Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdiler. Wise-premýerleriň hasabatlaryny degişli yzygiderlilikde diňläp, milli Liderimiz ähmiýet berilmeli meselelere ünsi çekdi we anyk tabşyryklary berdi.

Asylly ýörelgelere eýerip

Öňňin milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, ynsan gylykly bedewleri bilen didarlaşdy. Bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen Türkmen alabaýynyň baýramynyň bilelikde bellenilen pursatlarynda ýurdumyzyň atşynaslarynyň adyndan Arkadag Prezidentimize şanly sene mynasybetli sowgat berlen, 2018-nji ýylda doglan Hankerwen atly bedewi hem-de toý lybaslaryny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa uly hormat bilen gowşurdy.

Milli ykdysadyýetimiziň ösüş depgini durnukly saklanylýar

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň mejlisine Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowany hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýewi çagyrdy.

Hyzmatdaşlyk ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga hem-de syýasy, söwda-ykdysady, ulag, ylym-tehnika, medeni-ynsanperwer we beýleki möhüm ugurlar boýunça bilelikdäki wajyp taslamalary amala aşyrmakda ygtybarly hyzmatdaşlar bolup durýan esasy halkara we sebit guramalary hem-de käbir döwletler bilen özara gyzyklanma bildirilýän giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagyna mahsus bolan ýörelgelere esaslanýan daşary syýasy strategiýa yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu syýasatyň üstünlige getirmegi, esasan, 1995-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolup durýan döwletler tarapyndan Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň berilmegi bilen şertlendirilendir. Häzirki wagtda oňyn Bitaraplyk ýörelgeleri Türkmenistanyň daşary syýasy doktrinasynyň esasy ugurlaryny kesgitlemek bilen çäklenmän, syýasy durnuklylygy saklamak, dostlukly gatnaşyklary we netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrundaky tagallalaryň netijeli bolmagyna ýardam berýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli derejedäki wekiliýetleriniň daşary ýurtlara amala aşyrýan iş saparlarynyň netijeleri hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Resmi habarlar

Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. * * *

Asylly ýörelgeleriň aýdyň dowamaty

Hormatly Prezidentimiz ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy Bagtyýar zamanamyzyň okgunly ösüşleriniň we beýik ýeňişleriniň nyşanyna öwrülen milli gymmatlyklarymyz — ynsan gylykly ahalteke bedewlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Şunuň bilen baglylykda, milli atşynaslyk däpleriniň gadymy ýörelgeleri häzirki zamanyň ruhuna laýyklykda ösdürilýär.

Wajyp wezipelere garaldy

4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda halk hojalyk toplumynyň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň jemleri jemlendi, möhüm resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna hem-de döwlet durmuşynyň wajyp meselelerine garaldy. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňledi.

Döwrebap kanunçylyk özgertmeleri

Geçen hepdäniň şenbe güni paýtagtymyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlar we kadalaşdyryjy hukuk namalary makullanyldy. Mejlisiň dowamynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasarynyň hem-de komitetleriň ýolbaşçylarynyň çykyşlary diňlenilip, kanunçylyk namalarynyň her biri boýunça netijenamalar berildi. Gün tertibine hem-de «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakynda» Kanunyň 18-nji maddasyna laýyklykda, Halk Maslahatynyň agzalarynyň makullamagy üçin 22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on dördünji maslahatynda kabul edilen kanunlar hödürlenildi.

Türkmen-rus gatnaşyklary ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet şu ýylyň 3 - 4-nji iýuny aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde iş saparynda boldy, ol ýerde XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşdy. Häzirki döwürde dostlukly, netijeli we strategik häsiýete eýe bolan döwletara türkmen-rus gatnaşyklary täze mazmuna eýe bolýar. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň XXIV Peterburg halkara ykdysady forumynyň işine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit we dünýä derejesinde netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine işjeň garaýşynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.