"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Ýaşajyk aşpezlere maslahat

Garpyzly şerbet Gerekli önümler: 500 gram garpyz, 1 bulgur süýt, 1 çaý çemçesi bal, 0,5 çaý çemçesi dalçyn (korisa).

Ilşat — ýaş alym

Adamzadyň durmuş ýoluna ýagty saçýan, ony eşretli hem-de lezzetli ýaşaýşa gönükdirýän zat ylymdyr. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan merdana halkymyz ylma hemişe aýratyn sarpa goýupdyr. Milli Liderimiziň taýsyz aladalary netijesinde ýaşlaryň diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Şol oňyn şertlerden göwünleri galkynýan ýaşlar ata Watanymyzyň ylym-bilim ulgamynyň ösüşlerini äleme ýaýmaklyga mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ynamly ädimler

Üstünlige ýetmek üçin, ilkinji nobatda, arzuw, höwes we yhlas gerekdir. Eger-de adam öňünde maksat goýsa, maksadyna ýetmek üçin yhlas etse we üstünlige ýetmäge bolan höwesi bolsa, hiç hili päsgelçiliklere garamazdan islendik kynçylykdan baş alyp çykyp biler. Edil şonuň ýaly hem sport äleminde üstünlik gazanmak üçin, ilki bilen, erjellik bilen ýapyşmak we işiňe uly zähmet siňdirmek zerurdyr.

– Bilgirje, düýeleriň arkasyndaky örküçleri nämä gerek?

— Düýeler «çöl gämisi» diýlip, ýöne ýere atlandyrylmaýar. Yssy howa şertlerinde 500 kilograma çenli ýük göterip, uzak wagtyň dowamynda suwsuz oňup bilýän bu jandarlar tebigatyň döreden iň täsin jandarlarynyň biridir. Käbir adamlar düýeleriň örküçleri suwdan doldurylandyr diýip pikir edýärler. Emma örküçleriň içinde suw däl-de, ýag bardyr. Haçanda düýäniň bedeni suw talap edende örküçlerdäki ýag okislenýär we 100 gram ýagyň okislenmeginden 107 gram suw emele gelýär. Diýmek, düýeler ýagy suwa öwürmek bilen suwsuzlygyny gandyrýarlar.

Iň ýalta jandar

Eziz çagalar, dünýädäki iň çalasyn jandarlaryň geçigaplaňlardygyny siz bilýänsiňiz, emma iň haýal jandarlar barada bilýärsiňizmi? Ýok, diýýärsiňizmi? Onda tanyş boluň, Günorta Amerikanyň gök öwsüp oturan gür jeňňelliklerinde ýaşaýan täsin jandarlar bolan leniwesler dünýädäki iň haýal hereket edýän jandarlaryň biri hasaplanylýar. «Leniwes» latynçadan terjime edilende «ýaprak iýiji» diýmekligi aňladýar. Tebigatda bu jandarlaryň iki görnüşi duş gelýär: üç barmaklylar we iki barmaklylar. Üç barmakly leniwesleriň agramy alty kilograma çenli ýetýär. Olar kellelerini 270 ºС-a çenli aýlap bilýärler, munuň sebäbi bolsa olarda dokuz sany boýun oňurgasynyň bolmagydyr.

Gel, dutarym, sözleşeli

Mähriban çagalar, köplenç, baýramçylyk dabaralarynda, teleradioýaýlymlardaky çykyşlaryňyzda ýerine ýetirýän «Durnalar», «Dutarym», «Seýle gelseň, bu daglara», «Çeşmeler», «Dag jerenleri» atly aýdymlaryňyzyň sazyny haýsy kompozitoryň döredendigini bilýärsiňizmi? Bu sowala: «Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi, sazanda, mukamçy kompozitor Akmyrat Çaryýew döretdi» diýip, jogap berjekleriňiziň kändigini bilýäris. Geliň, ussat sazandanyň döredijilik hem çagalyk ýyllary bilen ýakyndan tanşalyň. Akmyrat Çaryýew häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara bilim berýär. Ol altmyşa golaý ajaýyp aýdymlaryň sazyny döretdi. «Mukamyň syry» atly çeper filmde Döwran bagşynyň keşbini janlandyrdy. Onuň döwletli maşgalasynda üç ogul, üç gyz perzendi, on iki agtygy, dört sany çowlugy bar. Iki ogly kakasynyň kärini dowam edýärler. Uly ogly Kakamyrat Çaryýew Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar sungat mekdebinde dutar mugallymy bolup işleýär we ýaş zehinlere dutar çalmagyň inçe syrlaryny öwredýär. Halypa sazanda Akmyrat Çaryýewiň döredijiligi, durmuşy baradaky gürrüňlerini onuň özünden eşitmek has-da täsirli bolar.

Taklatdy

Türk­men mil­li oýun­la­ry ata-ba­ba­la­ry­myz­dan mi­ras ga­lan uly baý­lyk­dyr. Halk dö­re­di­ji­li­gi­niň beý­le­ki gör­nüş­le­ri ýa­ly, mil­li oýun­lar hem özü­ne çe­ki­ji güý­ji, ýaş nes­li ter­bi­ýe­le­mek­de ba­ha­sy­na ýe­tip bol­ma­jak gym­ma­ty bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şo­nuň üçin hal­kyň pä­him-paý­ha­sy­ndan dörän bu oýun­lar asyr­dan-asy­ra, ne­sil­den-ne­s­le ge­çip gel­ýär­ler. Mil­li oýun­lar pa­syl­lar bo­ýun­ça oý­na­lyp, gyş­da öý­de oý­nal­ýan oýun­la­ra we ýaz, to­mus möw­süm­le­rin­de da­şar­da oý­nal­ýan oýun­la­ra bö­lün­ýär. Olar oý­nuň hä­si­ýe­ti­ne gö­rä, dür­li es­bap­lar­dan peý­da­lan­mak ar­ka­ly ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär. Bu ge­zek­ki gür­rü­ňi­ni et­jek oý­nu­myz to­mus aý­la­ry da­şar­da oýnal­ýan tak­lat­dy oý­nu­dyr.

Şütükçyra

Mähriban çagalar, geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, «şütük» ýa-da «şütükçyra» diýlip atlandyrylan çyralaryň bolandygy belli. Eýsem, siz çöpüň ujuna ýaga batyrylan esgi oralyp ýakylýan oda «şütük» diýilýändigini bilýärsiňizmi? Belki, bilýän dälsiňiz. Sebäbi häzirki wagtda şütükleri ulanmagyň zerurlygy ýok. Ýekeje elektrik çyrasy ýüzlerçe şütükçyradan güýçli ýagtylyk saçýar. Şoňa görä, olara indi diňe ýurdumyzyň mirashanalarynda duşmak bolýar. Şütükçyralar daşdan ýonulyp, şeýle hem toýun palçykdan eýlenip, kürede bişirilip ýasalypdyr. Olaryň görnüşi süýnmek, ýalpak okara şekilli bolup, bir gyrasyna biraz ýokary çykyp duran içi deşik lüle berkidilipdir. Şol lülä pamykdan, kendirden, geçi sütüginden pelte ötürilip, onuň aşaky ujy şütükçyranyň okarasyna guýlan ýaga batyrylypdyr. Peltäniň beýleki ujy bolsa lüleden çykarylyp ýakylypdyr.

Gün şöhlesi hakynda erteki

Günlerde bir gün şöhlejik Güne ýüzlenip: — Her gün bütin barlygy aýlanyp, ýyly demimi paýlaýaryn. Emma meniň şeýle bir ynsan ýüregini ýyladasym gelýär — diýipdir. Gün:

Pişik we syçan (Basnýa)

Uly syçan diýdi körpe syçana:— Diýenime gulak as, öýden gaçaýma! Kim öýünden çykyp gitse uzaga,Bilgin, ala pişik salýar duzaga.

Hany, oýlan, pikirlen!

Ýoluň ugrundaky jaýlary sanamak üçin jemi 143 sany san belgisi ulanyldy. Eger-de jaýlar 1, 2, 3, 4... yzygiderliligi boýunça sanalan bolsa, ýoluň ugrunda jemi näçe sany jaý bar eken? * * *

Ördekler

Ördejikler, siziň ýaly,Ýüzüp ýörün mawy kölde.Suwda ýüzmek diýseň hezil,Buýsanyp barýaryn ýolda. Tomsuň yssysyn duýaňok,Öwreniň ýüzmegi sizem,Reňkläniňizde, çagalar,Synlarys suraty bizem.

Iýulda doglan bolsaň...

Mähriban çagalar, haýsyňyzyň doglan günüňiz iýul aýynda bolsa, bu sahypamyz siziň üçin gyzykly bolsa gerek. Diňe bir iýul aýynda doglanlar üçin hem däl, eger jigileriňiz ýa-da doganlaryňyz bu aýda doglan bolsa-da, bu sahypa sizi gyzyklandyrsa gerek. Iýul aýynda doglan çagalar maksada okgunly, ugurtapyjy bolýarlar. Olar belli bir netijä gelensoň, pikirini üýtgetmegi halamaýarlar. Bu çagalar kynçylyklardan gorkmaýarlar we päsgelçilikleri ýeňip geçmäge döwtalap bolýarlar. Aslynda, ähli çagalar uly adamlaryň üns merkezinde bolmagy halaýarlar, emma iýulda doglan çagalarda bu isleg birnäçe esse ýokary bolýar. Olar ene-atalaryna, dogan-jigilerine örän mähirli bolýarlar.

Gün şöhlesinden goranalyň!

Saglygymyz hakynda alada etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Mähriban çagalar, tomus şadyýan pasyldygyna garamazdan, bu möwsümiň bütin dowamynda Gün urmasyndan, başgaça aýdylanda, Günüň ýiti şöhleleriniň zyýanly täsirinden goranmalysyňyz.

Ýiti Gün şöhlesinden goranalyň!

Saglygymyz hakynda alada etmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Mähriban çagalar, tomus şadyýan pasyldygyna garamazdan, bu möwsümiň bütin dowamynda Gün urmagyndan, başgaça aýdylanda, Günüň ýiti şöhleleriniň zyýanly täsirinden goranmalysyňyz. Munuň üçin:

Aýda asyrlyk ýol geçip...

Mähriban çagalar, siz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň çar ýanynda amala aşyrylýan beýik işleri, şol işleriň netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň günsaýyn özgerip barşyny görüp, bilip ýörensiňiz. Hormatly Prezidentimiziň daşyna mäkäm jebisleşip, halal zähmet çekýän halkymyzyň yhlasyndan döreýän gözellikler siziň Watanymyza bolan söýgiňizi joşdurýandyr. Şol pursat gursagyňyzda-da çaltrak ulalyp, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän il-ýurt bähbitli ägirt işlerine goşant goşmak arzuwynyň möwç alýandygyna-da ynanýarys. Çünki siz bagtyýar çagalygyň ýurdunda kämil bilim hem-de terbiýe alýan, her ädimde milli Liderimiziň özüňiz hakynda edýän atalyk aladalaryny aňryýany bilen duýýan nesillersiňiz.

Bagtyýar çagalaryň baýramy

2021-nji ýylyň Çagalary goramagyň halkara güni, hakykatdan-da, möhüm wakalaryň biri boldy, çünki ol Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän döwrüne gabat geldi. Onuň Alyhezreti Türkmenistanyň Prezidenti bilen bilelikde Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň irki dikeldiş bölümine baryp, bu ýerde döredilýän hyzmatlardan peýdalanýan çagalardyr olaryň ejeleri bilen gürrüňdeş bolmak meniň üçin aýratyn hormat boldy. Çaganyň öz ösüşinde başdan geçirip biljek käbir näsazlyklarynyň ilkinji alamatlaryny ýüze çykarmakda bölümiň hünärmenleri tarapyndan alnyp barylýan uly işleriň şaýady bolmak bizde kanagatlanma duýgusyny döretdi. Şeýle näsazlyklar ýüze çykarylanda, çagalardyr ene-atalara her bir çaganyň zerurlyklary aýratyn göz öňünde tutulyp işlenip taýýarlanan anyk bilim beriş we sagaldyş maksatnamalarynyň çäklerinde goldaw berilýär.

Salam, tomus!

Tomus günleriniň gyzykly söhbedi Bagtyýar çagajyklaryň gülki sesleri ýurdumyzyň çar künjeginde ýerleşýän çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde has-da belentden ýaňlanýar. Bu gülki sesleriniň, şadyýan owazlaryň «yzyna» düşüp, biz tomus paslynyň ilkinji günlerinde Gökdere jülgesine dynç almaga gelen körpeleriň ýanyna bardyk. Ol ýerde oýun-gülki, şatlyk-şowhun, bagtyýarlyk al-asmana galýar. Çagalar bilen ýüzbe-ýüz bolmagymyz, olaryň gyzykly gürrüňlerini diňlemegimiz şu ýazgylary ýazmagymyza sebäp boldy. Çagalaryň aýdyp beren gürrüňleri, körpe okyjylar, siziň üçin hem gyzykly bolsa gerek.

Ýakymly pursatlar

Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy golaýlap gelýär. Biz hem bu mukaddes baýrama uly taýýarlyk görýäris. Dürli çäreleri, bäsleşikleri geçirýäris. Dynç alyş we sagaldyş merkezinde Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli bäsleşik geçirildi. Bu çärä ykjam taýýarlyk görüp başladyk. Bäsleşige her kim öz başarnygyna görä çykyş taýýarlady. Men hem Türkmenistanyň halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýewiň: — Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde, Asmanam, goý, rehnet nuruny saçsyn, Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde, Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz!

Magtymguly

Ýüreklerde orun alan,Beýik şahyr Magtymguly.Ady giň äleme dolan,Beýik şahyr Magtymguly. Owazlanar hiç durmany, Bendi eýleýip hemmäni,Setirlerinde çuň many,Beýik şahyr Magtymguly.