Şütükçyra

23 Iýul 2021
1382

Mähriban çagalar, geçmiş taryhymyza ser salanymyzda, «şütük» ýa-da «şütükçyra» diýlip atlandyrylan çyralaryň bolandygy belli. Eýsem, siz çöpüň ujuna ýaga batyrylan esgi oralyp ýakylýan oda «şütük» diýilýändigini bilýärsiňizmi? Belki, bilýän dälsiňiz. Sebäbi häzirki wagtda şütükleri ulanmagyň zerurlygy ýok. Ýekeje elektrik çyrasy ýüzlerçe şütükçyradan güýçli ýagtylyk saçýar. Şoňa görä, olara indi diňe ýurdumyzyň mirashanalarynda duşmak bolýar.

Şütükçyralar daşdan ýonulyp, şeýle hem toýun palçykdan eýlenip, kürede bişirilip ýasalypdyr. Olaryň görnüşi süýnmek, ýalpak okara şekilli bolup, bir gyrasyna biraz ýokary çykyp duran içi deşik lüle berkidilipdir. Şol lülä pamykdan, kendirden, geçi sütüginden pelte ötürilip, onuň aşaky ujy şütükçyranyň okarasyna guýlan ýaga batyrylypdyr. Peltäniň beýleki ujy bolsa lüleden çykarylyp ýakylypdyr.

Şöhrat ABDYÝEW,
mirasgär.