Iýulda doglan bolsaň...

23 Iýul 2021
946

Mähriban çagalar, haýsyňyzyň doglan günüňiz iýul aýynda bolsa, bu sahypamyz siziň üçin gyzykly bolsa gerek. Diňe bir iýul aýynda doglanlar üçin hem däl, eger jigileriňiz ýa-da doganlaryňyz bu aýda doglan bolsa-da, bu sahypa sizi gyzyklandyrsa gerek.

Iýul aýynda doglan çagalar maksada okgunly, ugurtapyjy bolýarlar. Olar belli bir netijä gelensoň, pikirini üýtgetmegi halamaýarlar. Bu çagalar kynçylyklardan gorkmaýarlar we päsgelçilikleri ýeňip geçmäge döwtalap bolýarlar. Aslynda, ähli çagalar uly adamlaryň üns merkezinde bolmagy halaýarlar, emma iýulda doglan çagalarda bu isleg birnäçe esse ýokary bolýar. Olar ene-atalaryna, dogan-jigilerine örän mähirli bolýarlar.

«Güneş».