"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Türkmenistan — dost-doganlygyň mekany

Döwletli Diýarymyzda halkymyz bagtyýarlykda ýaşap, taryhy wakalara şaýat bolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna barýan şu ajaýyp günlerimizde gojaman Hazaryň türkmen kenarynda geçirilen, dünýa ýaň salan wakalar bu babatda uly buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisiniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň milli tagamlarynyň halkara festiwalynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertiniň geçirilmegi ählimiz üçin buýsançly wakalara öwrüldi. Bu giň göwrümli çäreler sebitiň halklarynyň arasyndaky gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha täze öwüşgine eýe bolýandygyny äşgär etdi.

Hazar — dostlugyň we ylalaşygyň deňzi

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk türkmen halkyna mahsus asylly ýörelgelerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty halkara gatnaşyklarynda umumy ykrar edilen kadalaryň we ýörelgeleriň esasynda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilýär. Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda geçirildi. Onuň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikleriň hil taýdan täze derejä çykmagyna hem-de bu gepleşikleriň ýokary derejede yzygiderli häsiýetde geçirilmegine itergi berendigini aýratyn bellemek gerek. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Tähran şäherinde geçirilen ikinji, 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Baku şäherinde geçirilen üçünji duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşine esas berýär.

Hyzmatdaşlygyň we berekediň kenary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ynsan saglygyny goramak, halkymyzyň adadan durmuşyny üpjün etmek boýunça beýik işler durmuşa geçirilýär. Adamlaryň oňat dynç almaklary we saglyklaryny berkitmek üçin «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähmiýeti uludyr. Mundan başga-da, Hazaryň güneşli kenarynda belent tutumlara beslenip geçirilýän döwletli maslahatlar sebitde we dünýäde energetika, logistika ulgamlaryny ösdürmekde, söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmekde möhüm orna eýedir. Şu ýylyň 6-njy awgustynda-da Hazaryň ajaýyp kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we beýleki möhüm çäreleriň bilelikde geçirilmegi hem uly waka öwrüldi. Hawa, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy möhüm syýasy-ykdysady forumlary geçirmek, mynasyp dynç alşy guramak üçin ajaýyp künjekdir.

Awaza ýagtylyk hem güýç paýlady

Hawa, žurnalistleriň «Awaza çäreleri» diýip atlandyran wakalary tamamlandy. Üstünden 3-4 gün geçen şol wakalar hakynda nämeler aýdyp bolar?! Owalbaşda aýtmaly zat, olam biziň sebitimizde döwletara gatnaşyklaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga ugur alnandygydyr. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň duşuşygynyň indi üçünji gezek yzygiderli geçirilýändigi, her gezegem sebit we onuň daş-töweregindäki ýagdaýlar bilen baglanyşykly meseleleriň töwerekleýin ara alnyp maslahatlaşylýandygy, olary çözmek üçin güýçleri birleşdirmek, mümkinçilikleri jemlemek babatda ädimleriň ädilýändigi, bu gezek bolsa duşuşyk bilen utgaşyklylykda, bäş sany ähmiýetli çäräniň geçirilendigi, olaryňam bu döwletli işe sebitiň halklarynyň ünsüni çekmäge we doly goldawlaryny gazanmaga gönükdirilendigini kanagatlanmak bilen aýdyp bolar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde, döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny sebitiň halklarynyň gurultaýy hökmünde kabul edýärsiň. Bu gurultaýyň baş ideýasy, öňe sürýän esasy taglymaty bolsa halklarymyzyň dostlugyny we agzybirligini pugtalandyrmakdyr.

Aziýanyň ýüregindäki ýürekdeşlik

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy bilen bir wagtda geçirilen çäreleriň hatarynda sebitiň zenanlarynyň özara hyzmatdaşlygynyň täze görnüşi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy möhüm taryhy waka boldy. Sebitiň ýurtlarynyň bäşisiniň wekillerini, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemlän forumda öňde durýan möhüm wezipeler, hususan-da, gender deňligini gazanmak babatda anyk maksatlar kesgitlendi.

Halkara sergi: täze mümkinçilikleriň giňişligi

Diňe bir ýurdumyzyň däl, tutuş sebitiň iň döwrebap syýahatçylyk merjeni bolan Awaza 6-njy awgustda Merkezi Aziýa halklarynyň ýürekleriniň birleşen mekanyna hem öwrüldi. Şol gün bu ajaýyp künjekde geçirilen iri çäreleriň biri hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisidir. Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirilen halkara serginiň umumy meýdany 2090 inedördül metr bolan giňişliginde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň esasy ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, guramalarynyň, işewür düzümleriniň sergileri ýerleşdirildi. Biziň ýurdumyzyň sergi bölümlerine welaýatlarymyz hem wekilçilik etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky çykyşy

(Awaza, 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty) Siziň Alyhezretleriňiz!Hormatly döwlet Baştutanlary:Gazagystan Respublikasynyň PrezidentiKasym-Žomart Kemelewiç Tokaýew,Gyrgyz Respublikasynyň PrezidentiSadyr Nurgožoýewiç Žaparow,Täjigistan Respublikasynyň PrezidentiEmomali Şaripowiç Rahmon,Özbegistan Respublikasynyň PrezidentiŞawkat Miromonowiç Mirziýoýew!

Dünýä ýaň salan waka

Geçen şenbe güni Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyzyň milli Liderimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän netijeli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri sebit boýunça goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de giňeltmäge gönükdirilendir. Şol ýurtlaryň halklary bilen türkmen halkyny medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy, asyrlaryň jümmüşinden uzap gelýän dostluk we özara goldaw bermek däpleri birleşdirýär.

Netijeli duşuşyklar

Geçen hepdäniň şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda taryhy wakalar bolup geçdi. Şu mynasybetli ýurdumyza köpsanly ýokary derejeli myhmanlar geldiler. Şol gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Duşuşyklaryň barşynda döwlet Baştutanymyz belent mertebeli myhmanlary mähirli garşylap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejeleri kanagatlanma bilen bellenildi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýannama

(2021-nji ýylyň 6-njy awgusty, Türkmenbaşy şäheri) 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy boldy, duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti, Türkmenistanyň Prezidenti we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň jemleýji resminamasy

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Ykdysady forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik we maýa goýum düzümleriniň, banklaryň, maliýe guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Awazanyň dabarasy dag aşýar

Geçen hepdäniň şenbe güni «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, sözüň doly manysynda, taryhy wakalar bolup geçdi. Şol ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Şeýle hem, şol gün bu ýerde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça guralan iri halkara çäreleriň çäklerinde Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi. Oňa sebitiň ýurtlarynyň 5-siniň wekilleri, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Ýewropa we GDA döwletleri boýunça sebitleýin edarasynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Zenanlaryň dialogy Birleşen Milletler Guramasynyň goldaw bermeginde 2020-nji ýylyň dekabrynda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan Merkezi Aziýanyň taryhynda döredilen ilkinji düzümdir. Sebitiň döwlet Baştutanlarynyň Awazadaky konsultatiw duşuşygy bilen bir günde geçirilmegi köpugurly forumyň derejesini aýratyn artdyrdy.

Ygtybarly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirmek bilen şu günki duşuşygyň dünýä ykdysadyýetiniň duçar bolan uly wehimleriniň dowam edýän wagtynda geçýändigini nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy ykdysady kuwwatynyň doly netijeli ulanylyp, dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologiýa düzümlerine tarap gönükdirilmegine ynanýarys diýip, S.Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan amal ediljek döredijilikli işlere, ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara

Sebitde durnuklylygy we yzygiderli ösüşi üpjün etmegiň ýoly bilen

6-njy awgustda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum «Awaza» Kongresler merkezinde geçirildi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz «Awaza» Kongresler merkezine ugrady. Milli Liderimiz merkeziň eýwanynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň forumyna gatnaşmak üçin gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowy, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi hem-de Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmony nobatma-nobat mähirli, doganlarça garşylady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

Merkezi Aziýa — dostluk-doganlyk sebiti

Merkezi Aziýa döwletleri bilen köpugurly gatnaşyklary pugtalandyrmak we mundan beýläk-de ösdürmek, bu babatda öňe sürlen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy we onuň bilen utgaşyklykda beýleki möhüm çäreler ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Sebit hyzmatdaşlygynda täze sahypany açan iri halkara çäreler ylalaşdyryjy merkez hökmünde umumadamzat bähbitli meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylýan, degişli çözgütleriň kabul edilýän mekany bolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny ýene bir ýola dünýä doldurdy.

Milli önümleriň Halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy

Türkmenbaşy, 7-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu giň möçberli forum Türkmenistanyň Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitleriniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant bolup, ýurdumyzyň we tutuş sebitiň söwda-ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär. Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň jemleri boýunça sergä gatnaşyjylara halkara derejedäki diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirildi.

Türkmenistan oňyn halkara hyzmatdaşlygyň merkezi hökmündäki derejesini ýene bir gezek tassyklady

Awazada guralan sebit forumlary dünýä metbugatynyň sahypalarynda Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen häzirki döwrüň sebit we ählumumy möhüm meselelerini çözmekde düýpgöter täze, toplumlaýyn, giň gerimli çemeleşmeleri, täzeçil taglymlary öňe sürýän ýurt hökmünde umumy ykrar edilen belent derejesini ýene bir gezek tassyklady.

Awaza duşuşygy — bitewüligiň belent nusgasy

6-njy awgustda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirilip, ol «Awaza duşuşygy» ady bilen taryha girdi. Elbetde, bu duşuşyk dostlukly ýurtlaryň Liderleriniň şeýle gurşawdaky ilkinji duşuşygy däl. Ýöne onuň türkmen topragynda düýpgöter täze belentlige göterilendigini, giň gerim, baý öwüşgin berlip, sungat derejesine ýetirilendigini turuwbaşdan bellemeli. Biz muny diňe özümiziň däl, eýsem, çäreleriň dowamynda görşen, gürleşen myhmanlarymyzyň, kärdeşlerimiziň pikirlerini esas edinip aýdýarys. Konsultatiw duşuşygyň ilkinji gezek Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogy, sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy, milli önümleriň halkara sergisi, milli tagamlaryň halkara festiwaly, sungat ussatlarynyň konserti ýaly, köpugurly çäreler bilen utgaşdyrylyp, baýramçylyk ruhunda geçirilmegi hormatly Prezidentimiziň halklaryň dostlukly gatnaşygy bilen bagly her bir işe diňe däp bolan resmi kadalar esasynda däl-de, yssy mähir, ýürek ýylysy bilen çemeleşýändiginiň güwäsidir. Awaza wakalary biri-biriniň üstüni ýetirip, ýakyn halklary has-da ýakynlaşdyrdy. Merkezi Aziýanyň geçmişine, şu gününe, geljegine bitewülikde ser salmaga, syýasy, ykdysady, medeni mümkinçilikleriň örän giňdigine birlikde göz ýetirmäge esas be

Zenanlaryň sebitleýin dialogy: baş maksat — gender deňligini ilerletmek

Geçen anna güni gözel Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň taryhyna täze sahypa bolup ýazyljak iri halkara çäreler üstünlikli geçirildi. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralan sebitiň ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy bolsa oňa gatnaşyjylary ilkinji gezek ýüzbe-ýüz duşuryp, bir meýdançanyň başyna jemledi. Onuň dowamynda sebitde zenanlaryň işjeňligini ilerletmek bilen bagly köptaraplaýyn meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Biz Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde zenanlaryň dialogyna gatnaşan sebit ýurtlarynyň ýokary wezipeli zenanlarynyň nobatdaky forumyň ähmiýeti hakyndaky pikir-garaýyşlary bilen gyzyklandyk. Olar bu babatda, ine, şeýle diýýärler.