Hazar — dostlugyň we ylalaşygyň deňzi

10 Awgust 2021
1126

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk türkmen halkyna mahsus asylly ýörelgelerdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki zamanyň möhüm meselelerini çözmäge işjeň gatnaşýan döwlet hökmünde öz ornuny pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty halkara gatnaşyklarynda umumy ykrar edilen kadalaryň we ýörelgeleriň esasynda özara bähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilýär.

Mälim bolşy ýaly, 2002-nji ýylda ýurdumyzda Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji duşuşygy döwletimiziň öňe süren başlangyjy esasynda geçirildi. Onuň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikleriň hil taýdan täze derejä çykmagyna hem-de bu gepleşikleriň ýokary derejede yzygiderli häsiýetde geçirilmegine itergi berendigini aýratyn bellemek gerek. Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň 2007-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Tähran şäherinde geçirilen ikinji, 2010-njy ýylyň 18-nji noýabrynda Baku şäherinde geçirilen üçünji duşuşyklarynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşine esas berýär.

Welimyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.