Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul etmegi

9 Awgust 2021
965

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Milli Liderimiz belent mertebeli myhmany mähirli garşylap, ikitaraplaýyn esasda bolşy ýaly, köptaraplaýyn esasda hem iri halkara guramalaryň hem-de abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belledi.

«Daşoguz habarlary».