Ygtybarly hyzmatdaşlyk ösdürilýär

9 Awgust 2021
879

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde 6-njy awgustda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hem-de üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirmek bilen şu günki duşuşygyň dünýä ykdysadyýetiniň duçar bolan uly wehimleriniň dowam edýän wagtynda geçýändigini nygtady. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň umumy ykdysady kuwwatynyň doly netijeli ulanylyp, dünýä ösüşiniň häzirki meýillerine we esasy ugurlaryna, ozaly bilen, onuň tehnologik, sanly, ekologiýa düzümlerine tarap gönükdirilmegine ynanýarys diýip, S.Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan amal ediljek döredijilikli işlere, ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, gyzykly we peýdaly ara alyp maslahatlaşmalary geçirmegi arzuw etdi.

«Watan».