Türkmenistanda täze aragatnaşyk ulgamlary ornaşdyrylýar
Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagy Watany» şygary astynda geçýän ýylda «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty ýurdumyzda iň täze aragatnaşyk serişdeleriniň ornaşdyrylyşyny çaltlandyrmaga, halkara aragatnaşyk ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmaga, ählumumy durnukly ösüş maksatlary jähtinden döwletleriň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdeleri şu gezekki halkara onlaýn-maslahatynda garalýan wajyp meseleleri ala alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, bu ulgamdaky esasy alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar hem-de daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly mähriban Arkadagymyzyň halkara maslahatyna gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Sanly ykdysadyýet, kanunçylygy rejelemek hem-de daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyna bagyşlanan umumy mejlisi