Dost - doganlygyň we hyzmatdaşlygyň ýoly

16 Noýabr 2021
1202

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Türki dilli ýurtlar bilen gatnaşyklar munuň aýdyň mysallarynyň biridir.

Türki dilli döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýän taryhy kökler, medeni hem-de ruhy däpleriň umumylygy baglanyşdyrýar. Täze taryhy döwürde bu hoşniýetli däpler täze derejä we mazmuna eýe bolup, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek üçin oňyn şertleri döredýär. Onuň binýadynda gülläp ösüşe gönükdirilen umumy maksatlar durýar.

Täçnabat PAÝTYKOWA,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy.