Halkara gatnaşyklarda işjeňlik

15 Noýabr 2021
1095

12-nji noýabrda Türkiýe Respublikasyna amala aşyran iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Türkiýe we Gyrgyz Respublikalarynyň Prezidentleri bilen ikiçäk duşuşyklary geçirdi

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly daşary syýasatynyň netijesinde, türkmen-türk, türkmen-gyrgyz hyzmatdaşlygy köptaraplaýyn görnüşde hem-de sebit we halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Şoňa görä-de, Türkmenistan döwletimiz bu ýurtlar bilen möhüm ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli işjeňleşdirýär, netijeli ylalaşyklar gazanylýar. Munuň şeýledigini 12-nji noýabrda Stambulda iş saparynda bolan milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen geçiren duşuşyklary aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

"Nesil".