Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny nazarlap

12 Noýabr 2021
1028

10-njy noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işine başlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony «Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar. Häzirki zaman aragatnaşyk serişdelerine bagyşlanan şu gezekki halkara onlaýn maslahatda garalýan wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga 25 ýurtdan wekilleriň 300-den gowragy gatnaşdy. Maslahatyň işine diňe bir işewür toparlary däl, eýsem, hünärmenler, alymlar hem-de bilermenler gyzyklanma bildirdiler. Ýurdumyzyň öňden gelýän, hemişelik hyzmatdaşlarynyň hatarynda aragatnaşygyň dürli görnüşleri, maglumatlar tehnologiýalary bazarynda öňdäki orunlary eýeleýän «NOKIA», «HUAWEI», «Thales», «Afghan Wireless», «Delta Telecom Ltd», «Rostelecom», «Eastwind», «Azertelecom» we beýlekiler bar.

Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalyna ýygnananlar, şeýle hem daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny üns bilen diňlediler.

«Aşgabat».