Türkmenistan — Türkiýe Respublikasy: doganlygyň we hyzmatdaşlygyň hoşniýetli ýörelgelerine ygrarlylyk

12 Noýabr 2021
1321

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwletimiz «Açyk gapylar» syýasatyny sazlaşykly durmuşa geçirýär we halkara durmuşa işjeň gatnaşýar. Hemişelik Bitaraplyk derejesine hem-de kabul eden halkara borçnamalaryna gyşarnyksyz ygrarly bolmak bilen, Türkmenistan daşary syýasy gatnaşyklaryny hoşniýetli goňşuçylyk we giň gerimli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine laýyklykda alyp barýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda ikitaraplaýyn, şeýle-de köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde Türkiýe Respublikasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe çykarylýar.

Türkiýe Respublikasy baý taryha we medeni mirasa eýe bolan ýurtdur. Aziýa bilen Ýewropanyň aralygynda ýerleşip, bu ýurt dünýäniň iň gadymy siwilizasiýalarynyň, ulag-kommunikasiýa geçelgeleriniň, yklymlaryň arasyndaky durmuş-ykdysady we medeni aragatnaşyklaryň çatrygynda möhüm orun eýeleýär. Bu bolsa onuň köpugurly daşary syýasatynyň amala aşyrylmagy üçin esas bolup hyzmat edýär. Ýurduň köpugurly ykdysadyýeti, ösen senagaty we oba hojalygy bar. Ösen syýahatçylyk ulgamy hem ykdysadyýetde esasy orun tutýar. Dokma, deri, azyk, himiýa, derman senagaty pudaklary, energetika, metallurgiýa, gämi, maşyngurluşyk senagaty, hojalyk-elektrik enjamlarynyň önümçiligi çalt depginler bilen ösdürilýär. Aziýa, Ýewropa, Amerika we Afrika sebitiniň döwletleri halkara giňişlikde Türkiýäniň esasy geosyýasy hyzmatdaşlarydyr. Ýurduň daşary syýasatynda Merkezi Aziýanyň döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň giňeldilmegi wajyp ugur hökmünde kesgitlenendir.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi.