Ýürekleri birleşdirýän ýollar
Golaýda Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering &Construstion So., Ltd» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-ju ýurdumyzda bolup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşdy. Myhman döredilen mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, iki dostlukly döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini mälim etdi. Bilşimiz ýaly, soňky ýyllarda türkmen-koreý gatnaşyklarynyň depginli ösüşi hyzmatdaşlyklaryň belent derejä çykmagyny üpjün edýär. Çünki Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlary bilen birlikde, Koreýa Respublikasy bilen hem dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak ýurdumyzyň daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Muňa geçen ýylda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň bu dostlukly ýurtda bolmagy hem şaýatlyk edýär. Şonda hemmetaraplaýyn ösýän döwletler üçin bähbitli bolan ikitaraplaýyn gepleşikler geçirilipdi. Ynanyşmak we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýlan we ösýän gatnaşyklara ýokary baha berlipdi. Şonda Gahryman Arkadagymyz maksada ýetmek üçin oňyn başlangyçlary öňe