«DIALOG — PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI»: özara düşünişmegiň täze filosofiýasy

1 Iýun 2023
621

Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistan Bitaraplygyň özboluşly türkmen nusgasyny döredip, dünýäde abadançyly- gyň we durnukly ösüşiň nusgalyk ýoluny alyp barýar. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde durnukly ösüşi gazanmakda, geosyýasy we geoykdysady meýillere salgylanmak esasynda özara netijeli hyzmat daşlygy giňeltmekde möhüm binýat hökmünde çykyş edýär. Döwletimiz dünýä syýasatynyň gün tertibinde du- ran gaýra goýulmasyz meseleleriň sazlaşykly çözgüdini işläp taýýarlamakda kesgitleýji orunlaryň birini eýele- ýär. Türkmenistan bu meselelere örän jogapkärli çemeleşmek bilen, durnukly ösüş maksatlarynyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzly- ga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyra- syna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birle şen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurla rydyr. BMG-niň bütin dünýäde parahatçylyga hem-de durnukly ösüşe gönükdirilen maksatlary Türkmenistanyň milli ösüş we umumadamzat abadançylygynyň özara arabaglanyşygyna bolan garaýyşlary bilen kybap gelýär. Dünýäniň çalt depginde globallaşmagy netijesinde daşary syýasatyň we diplomatiýanyň dürli maksatly guralla- ry barha derwaýys häsiýete eýe bolýar. Bu babatda dünýä hem-de sebit syýasatynyň möhüm ugurlary boýunça yzygiderli öňe sürýän daşary syýasy başlangyçlary Türkmenistany sebitiň ylalaşdyryjy merkezi, iri halkara mas- lahatlardyr forumlaryň geçirilýän meýdançasy hökmünde ykrar edilmegine getirdi. Munuň şeýledigini BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda halkara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýun- ça kabul eden Kararnamalarynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 24nji fewralynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara mertebesiniň barha ýokarlanandygyny, alyp barýan daşary syýasat ugrunyň bolsa netijelidigini alamatlandyrýar. Syýasy nukdaýnazardan, şeýle möhüm resminamanyň kabul edilmegi derwaýys meseleler boýunça diplomatik gepleşikleri geçirmäge we sebitde parahatçylyga hemde durnuklylyga zeper ýetirmezden ýüze çykýan meseleleri sazlaşykly çözmegiň ýollaryny tapmaga mümkinçilik berýän öňüni alyş diplomatiýasynyň ýokary netijeliligini ýenede bir gezek subut edýär. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde köptaraplaýyn mehanizmleriň mümkinçiliklerinden peý- dalanmak ýörelgesinden ugur alyp, halkara gatnaşyklaryň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofi- ýany öňe sürdi. Bu çemeleşme adamzadyň ýüzbe ýüz bolan dürli howplarynyň öňünde ýekelikde durup bolma- ýandygy, durnukly geljegi gazanmak üçin tagallalaryň birleşdirilmelidigi babatdaky ynama esaslanýar. Şoňa gö- räde, taraplaryň daşary syýasy wezipeleriniň we milli bähbitleriniň amala aşyrylmagynda netijeli meýdança bolup hyzmat edýän hyzmatdaşlyk forumlarynyň birnäçesinde Türkmenistan işjeň ýurt hökmünde çykyş edýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2022-nji ýylyň dekabrynda Türkmeninistanyň başlangyjy boýunça, dünýäniň 68 döwletiniň awtor daşlygynda «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Rezolýusiýany biragyzdan kabul etmegi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasy ugrunyň bütin dünýäde ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň tassyknamasydyr. Halkara gatnaşyk- laryň täze ýörelgesi hökmünde ykrar edilen bu başlangyç BMG-niň Baş sekretarynyň parahatçylygy berkitmek üçin Täze gün tertibini esaslandyrmak babatdaky başlangyjy bilen utgaşyklydyr. Bu bolsa gapmagarşylyklaryň öňüniň alynmagyna hem-de sebitleýin derejedäki öňüni alyş çärelerine goldaw bermäge ýardam berýär. Parahat- çylyk, howpsuzlyk, ynanyşmak we dialog. Bu düşünjeler häzirki zaman şertlerinde üns merkezinde duran, dün- ýä syýasatynda möhüm orun eýeleýän, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde yzygiderli tekrarlanýan düşünje- lerdir. Megerem, olar bütin adamzadyň geljeginiň, onuň ertirki ykbalynyň nähili boljakdygyny kesgitleýän düşünjeler bolsa gerek. Çünki bu adalgalaryň ýok ýerinde adamzadyň agyr külpetlere duçar boljakdygyny taryh aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ös- dürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Şu nukdaýnazardan, bölünmez we bitewi howpsuzlyk ulgamyny döretmek babatdaky tagallalar Bita- rap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda kesgitlenen ýurdumy- zyň dünýä giňişliginde alyp barýan işiniň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Halklaryň arasyndaky gatnaşyklar özara ynanyşmak we hormat goýmak esasynda ýola goýlup, ähli güýçler birleşdirilende we tagallalar bir maksa- da gönükdirilende, adamzadyň öňünde çözüp bolmajak müşgillik galmasa gerek. Dünýä ykraryna, ynamyna we goldawyna mynasyp bolýan türkmen diplomatiýasy diňe bir milli bähbitleri öňe sürmän, eýsem, beýleki halkla- ryň hem bähbidine hormat goýmak, olaryň sazlaşygyny üpjün etmek ýörelgelerine eýerýär.

Gadam ATABALLYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň harby gullukçysy, maýor.