Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesi berildi

2 Iýun 2023
760

Düýn Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi. Duşuşykda myhman Prezident Serdar Berdimuhamedowa Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna «EcoPorts» derejesiniň berlendigi hakyndaky güwänamany gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň resmi saýtynda habar berildi.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenbaşy Halkara deňiz porty häzirki wagtda gündogar bilen günbataryň arasynda söwda akymlaryny işjeňleşdirmekde döwrebap hyzmatlary bilen mümkinçilikleriň uly toplumyny özünde jemleýär. Bu innowasion port söwda-aragatnaşygynda Aziýa yklymyndan göni Ýewropa çykalga bolmak bilen, möhüm desgadyr. Türkmenistan ulag-üstaşyr ýükleri geçirmekde halkara hyzmatdaşlygyny yzygiderli ösdürýär.