Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşdy

31 Maý 2023
708

Şu gün, 31-nji maýda Milli Liderimiz Eýran Yslam Respublikasyna iş saparynyň çäginde EYR-nyň Beýik Ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hameneýi bilen duşuşyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak babatda gepleşikleri geçirdi.

Ýokary derejedäki gepleşiklerde Gahryman Arkadagymyz: “Eýran bilen Türkmenistanyň diňe bir ýakyn goňşy däl, eýsem hakyky doganlyk gatnaşyklaryny saklaýan ýurtlar we halklar bolup durýandygymyzy bellemek isleýärin” diýip belledi.