Bildirişler

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşik yglan edýär

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № — PR10089071 — nebit çig malynyň himiki, fiziki we azyklyk derňewlerini geçirmek üçin Bäsleşik yglan edýär

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy bäsleşik yglan edýär

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10091986 — guýulary özleşdirmek we düýpli abatlamak üçin sorujy-gysyjy turbalar bilen üpjün etmek boýunça Bäsleşik yglan edýär

Bäsleşik yglan edilýär

Daşoguz welaýat häkimligi «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda welaýatyň Daşoguz şäherinde 1 sany çagalar bagynyň, 600 orunlyk orta mekdebiň, Boldumsaz etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 1 sany orta mekdebiň, Köneürgenç etrabynda 1 sany orta mekdebiň, etrabyň Derýalyk geňeşliginiň Derýalyk obasynda 200 orunlyk medeniýet öýüniň, Köneürgenç şäherinde 200 orunlyk medeniýet öýüniň, Akdepe etrabynda 1 sany çagalar bagynyň, 1 sany orta mekdebiň we 1 sany medeniýet öýüniň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1 sany orta mekdebiň, Görogly etrabynda 1 sany orta mekdebiň, S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 1 sany orta mekdebiň, 1 sany çagalar bagynyň, Gubadag etrabynda 1 sany çagalar bagynyň, 2 sany orta mekdebiň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin Bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri bolan Master-Card Maestro plastik kartyny ulanyjylary üçin “Cash-back” – täze bank önümini hödürleýär

Täze “Cash-back” bank önümini birikdirmek bilen “Maestro” plastik kartyny ulanmak arkaly söwda merkezlerinde, dükanlarda hasaplaşyklar geçirilende, şeýle hem hyzmatlar üçin töleg edeniňizde tölegiň möçberiniň 3 göterimi Siziň kart hasabyňyza yzyna gaýtarylyp berilýär. Gaýtarylyp berilýän serişdeleriň möçberi her aýyň netijesi boýunça, indiki aýyň 5-i senesine çenli hasaplanylyp, geçirilýär.

“Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky öz müşderileri üçin täze bank önümi bolan Internet bankingi hödürleýär

Internet banking bank önümini birikdirmek arkaly Siz banka barmazdan, öz kompýutertleriňiziň we mobil enjamlaryňyzyň üsti bilen aşakdaky hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz: — müşderiniň öz hasaplarynyň arasynda pul serişdelerini geçirmek;— bankyň müşderilerine, şeýle hem beýleki banklaryň müşderilerine tölegleri geçirmek;— adatça köp ulanylýan töleg tabşyryklarynyň görnüşleriniň nusgasyny hem-de şol nusgalaryň esasynda täze töleg tabşyryklaryny döretmek;— işleşýän taraplaryňyzyň atlarynyň, salgylarynyň, hasaplarynyň we ş.m. maglumatnamasyny ýöretmek;— müşderiniň öz hasaplary boýunça galyndylaryny we hereketlerini görmek we çap etmek;— karzlaryň we depozitleriň töleg tertibini görmek;— bank tarapyndan iberilýän habarnamalary almak;— bank bilen habarlaşmak, sorag-jogap almak;— daşary ýurt pullarynyň hümmetini görmek.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» şygary bilen geçirilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigi

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek boýunça «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşik 2020-nji ýylyň iýun — noýabr aýlarynda bäsleşige niýetläp filmleri we wideorolikleri taýýarlajak döredijilik toparlarynyň arasynda geçirilýär.

«Sanly çözgüt — 2020» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçiliklerini işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan fiziki we ýuridik şahslary ýüze çykarmak hem-de höweslendirmek maksady bilen «Türkmenaragatnaşyk» agentligi tarapyndan bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşigiň ugurlary: