Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde Aşgabat şäherini wasp edýän iň gowy aýdymlary döretmek boýunça bäsleşik yglan edýär

27 Ýanwar 2021

295

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynda beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny hem-de Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny has-da şöhratlandyrmak maksady bilen yglan edilýän bäsleşige Aşgabat şäherini wasp edýän iň gowy aýdymlar hödürlenip bilner.

Gahryman Arkadagymyzyň bu babatda beren tabşyrygyna laýyklykda, goşgusynyň, sazynyň we aýdymy ýerine ýetirijiniň sazlaşygyndan dörediljek Aşgabat hakyndaky aýdymlar halkymyzyň belent ruhuna kybap gelmelidir, aýdymlarda paýtagtymyzyň ilatynyň bagtyýar durmuşy öz beýanyny tapmalydyr. Ak şäherimiz Aşgabat hakynda dörediljek aýdymlar paýtagtymyzyň gözel keşbini, owadanlygyny, gözelligini, binagärlik aýratynlygyny suratlandyrýan şekiller bilen utgaşdyrylmalydyr.

Beýleki bildirişler