Bildirişler

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda ýokary okuw mekdebiniň binalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolunyň 174-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň gurluşyk bölüminde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Bäsleşik teklipli bukjalar bildiriş çap edilenden soň, 30 (otuz) günüň dowamynda kabul edilýär.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotlar boýunça nusgalyk synag ölçeg serişdelerini satyn almak üçin bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Lot № 1 — Dürli görnüşli çelekleri (rezerwuarlary) deňeşdirip barlamak üçin nusgalyk elektron taheometri ýa-da lazerli skaneri. Lot № 2 — Ýagtylyk ölçeýjileri we lýuksmetrleri deňeşdirip barlaýan nusgalyk synag enjamlar toplumyny.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot № 8 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak. Lot № 9 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze Saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi Kar­dio­lo­gi­ýa yl­my-kli­ni­ki mer­kez­li has­sa­ha­na üçin sag­ly­gy go­ra­ýyş mak­sat­ly sarp ediş se­riş­de­le­ri­ni sa­tyn al­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik yg­lan ed­ýär

Bäs­le­şi­ge gat­naş­mak üçin ýa­zuw gör­nü­şin­dä­ki ar­za­ny tab­şy­ryp, bäs­le­şik res­mi­na­ma­la­ry­nyň top­lu­my­ny al­ma­ly. Pul se­riş­de­le­ri­ni ge­çir­mek üçin ha­sap ar­za tab­şy­ry­lan­da be­ril­ýär.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 176. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesiniň çägindäki kuwwatlylygy bir gije-gündizde 30 000 m3 bolan agyz suwuny arassalaýjy desga üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda S.Türkmenbaşy we A.Nyýazow şaýollarynyň çatrygynda Aşgabat şäherine degişli gulluklaryň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 23-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 700 orunlyk 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiň täze binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 23-nji dekabryna çenli kabul edilýär.

«Senagat» paýdarlar täjirçilik banky 2020-nji ýyl üçin halkara ülňüleri boýunça düzülen maliýe hasabatynyň halkara audit barlagyny geçirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmaga degişli ygtyýarnamasy bolan eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalar we guramalar, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler bäsleşik tekliplerini bildirişiň çap edilen gününden başlap, 30 güne çenli şu aşakdaky salga ibermelidirler. Salgymyz: Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 126-njy jaýy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşigi yglan edýär

Lot №1 — Halkara talaplara laýyk gelýän, durmuşda wajyp derman serişdelerini satyn almak; Lot №2 — Halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk harytlaryny we reagentleri satyn almak;

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № — PR10090637 — Gaty galyndylary daşamak hyzmatyny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2020-nji ýylyň 21-nji dekabryna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: shirin.magtymova@eni.tm we moez.sdouga@eni.tm) ibermelidir.