Üns beriň, bäsleşik!

21 Ýanwar 2021

382

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi «Garaşsyzlyk joşguny» atly baýramçylyk feýerwerk saz eserini döretmek barada bäsleşik yglan edýär.

Bäsleşigiň maksady 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegini, Türkmenistan döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygyny joşgunly saz eserleri bilen şöhratlandyrmak, şeýle-de ýurdumyzyň kompozitorlarynyň we saz ugrundan ýörite bilimi bolanlaryň, saz döredijiligi bilen meşgullanýan höwesjeň raýatlaryň arasyndan has zehinlileri ýüze çykarmak, saz döretmeklige bolan höwesi artdyrmak hem-de döredijilik işgärlerini höweslendirmek bolup durýar.

Beýleki bildirişler