Türkmenistanyň «Senagat» paýdarlar täjirçilik banky Aşgabat — Gökdere awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşýän, Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli bolan tokaý zolagyndaky suw üçin buraw guýusyndan (skwažinadan) Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna, «Daýhanbank» döwlet täjirçilik bankyna, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankyna, «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankyna degişli tokaý zolaklaryna barýan suw geçiriji turbalaryň (magistral turbanyň) we enjamlaryň bejergi-abatlaýyş işlerini ýerine ýetirjek potratçyny saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmagyň şerti: oňa gatnaşyjylar desganyň ýokarda agzalan işlerini ýerine ýetirmek üçin öz täjirçilik tekliplerini ýapyk bukjada degişli hat bilen «Senagat» paýdarlar täjirçilik bankynyň bäsleşik toparyna berýär.