Bildirişler

Hormatly ildeşler!

Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi özüniň resmi internet saýtyndaky «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar Bu sahypanyň üsti bilen kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler baradaky maglumatlaryny ýerleşdirip, gyzyklanma bildirýänleriň we iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirip hem-de olaryň arasyndan özlerine laýyk gelýänlerini saýlap-seçip bilerler. Iş gözleýän raýatlar hünärine laýyklykda, bar bolan iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 21 — Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Mary saglygy goraýyş anyklaýyş merkezi üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri hem-de lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak. Lot № 22 — Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň 1-nji hem-de 3-nji saglyk öýleri üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Dokma senagaty ministrliginiň buýurmagynda Aşgabat şäherinde Medeni merkeziň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar bildiriş gazetde çap edilen gününden başlap, 2021-nji ýylyň 7-nji iýunyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralara aşakdaky lotda görkezilen nusgalyk synag ölçeg enjamlaryny satyn almak üçin bäsleşik yglan edýär

Lot — Durmuş şertlerinde ulanylýan gaz hasaplaýjylary barlaýan nusgalyk synag ölçeg enjamlary. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly. Bäsleşik boýunça teklipler bukjada berilmeli. Bukjada synag ölçeg enjamlaryny satyn almak boýunça işleriň we şol işleri ýerine ýetirmek üçin zerur bolan hyzmatlaryň maliýeleşdirilmegini milli manatda göz öňünde tutmaly.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10093826 — Guýulary ýapgytlaýyn burawlamak üçin hyzmatlary ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2021-nji ýylyň 12-nji maýyna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: viktoriya.nurberdiyeva@eni.tm we karamat.reimbayeva@eni.tm) ibermelidir.

Üns beriň!

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Energetika ministrliginiň «Türkmenbaşynyň asma ýoly» we Aşgabat şäher häkimliginiň «Türkmenbaşynyň ertekiler dünýäsi» döwlet kärhanalaryny hususy taraplara ynançly dolandyrmaga bermek boýunça teklipleri kabul edýändigini habar berýär. Teklipler ynançly dolandyrmagyň taraplary üçin ykdysady taýdan esaslandyrylan bähbitli şertler baradaky maglumatlary öz içine almaly we dolandyrýan tarapyň bu ugurda baý tejribesiniň bolmagy zerur.

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi üpjün edijileri saýlamak boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot №1 — Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Döwlet weterinariýa gullugy üçin zerur bolan, halkara ülňülere laýyk gelýän ýörite awtoulaglary getirmek; Lot №2 — Halkara ülňülere laýyk gelýän weterinar derman serişdelerini getirmek;

Aşgabat şäher häkimligi bäsleşikleri yglan edýär

Aşgabat şäher häkimligi şäheriň Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda 9 gatly, 54 öýli 1 sany we 9 gatly, 108 öýli 1 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 4-nji maýyna çenli kabul edilýär. Bäsleşik 11-nji maýda geçirilýär.

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň geçiriljek zalynyň bezeg işlerini ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligine 2021-nji ýylyň 17-nji maýyna, sagat 18:00-a çenli hat üsti bilen ýüzlenip bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 54-nji jaýy.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi modeller öýleriniň arasynda bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylyň 28-nji aprelinde modeller öýleriniň arasynda «Bagtyýar zamananyň döwrebap lybaslary» atly bäsleşigi yglan edýär Bäsleşik esasy 3 ugur (nominasiýa) boýunça geçirilýär: