Bildirişler

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № PR1003784 — Skwažinalarda (sapphire) gazylyp alnanlary paýlamak boýunça maksatnamalary we SIM (maglumatlary dolandyryş ulgamy) programma üpjünçiligine degişli öňüni alyş tehniki hyzmaty ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2021-nji ýylyň 20-nji dekabryna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: Mekan.allaberdiyev@eni.tm we moez.sdouga@eni.tm) ibermelidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 51 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk enjamlaryny, sarp ediş serişdelerini we reaktiwleri satyn almak. Lot № 52 — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana üçin lukmançylyk enjamlaryny we sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurmak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler we öz tekliplerini 2021-nji ýylyň 30-njy noýabryna, sagat 18:00-a çenli iberip bilerler.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10098067 — Radial buraw hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2021-nji ýylyň 17-nji dekabryna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: Toyli.Geldynazarov@eni.tm;

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harydy satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 50 — Merkezi patologik anatomiýa edarasy üçin lukmançylyk serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Hormatly talyplar we ene-atalar!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky ýaşlary goldamak, olaryň döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmek, hünärlerini kämilleşdirmek babatda amatly mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Talyp karzy» atly bank karzyny hödürleýär. «Talyp karzy» ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplara okuwyň bahasyny tölemek üçin nagt däl görnüşde berilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 49 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine saglygy goraýyş edaralarynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Üns beriň, bäsleşik!

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli 2021-nji ýylda ulanmaga berlen iri önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň açylyş dabaralaryndan pursatlary beýan etmek, şeýle-de täze açylan binalaryň aýratynlyklaryny filmleriň we wideorolikleriň üsti bilen açyp görkezmek maksady bilen, bäsleşik yglan edýär. Hödürlenen filmlere we wideoroliklere döredijilik aýratynlygy, ýokary çeperçilik, reňk we yşyklandyryş, saz bezegi, many-mazmuny boýunça baha berler.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurmak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler we öz tekliplerini 2021-nji ýylyň 15-nji noýabryna, sagat 18:00-a çenli iberip bilerler.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harydy satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 48 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk kislorod ballonlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.