Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi özüniň resmi internet saýtyndaky «Türkmenistanyň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi» atly sahypanyň hyzmatyndan peýdalanmaga çagyrýar
Bu sahypanyň üsti bilen kärhanalar, edaralar we guramalar, şeýle hem aýry-aýry fiziki şahslar — hususy telekeçiler özlerinde bar bolan boş iş orunlary, olar üçin zerur hünärmenler, işçiler baradaky maglumatlaryny ýerleşdirip, gyzyklanma bildirýänleriň we iş gözleýänleriň dykgatyna ýetirip hem-de olaryň arasyndan özlerine laýyk gelýänlerini saýlap-seçip bilerler. Iş gözleýän raýatlar hünärine laýyklykda, bar bolan iş orunlary baradaky maglumatlar bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe bolarlar.