HABARLAR

Oňyn özgertmeler — geljekki ösüşlere badalga

Hormatly Prezidentimiz ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi 8-nji fewralda milli Liderimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ugurlarynda we jemgyýetçilik guramalarynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, şeýle hem ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary çagyryldy.

Ylymly ýaşlar geljegi gurýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, sagdyn, dörediji we zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Muňa «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda durmuşa geçirilýän işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu babatda milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny görkezmek bolar. Türkmenistan ýaşlary hemmetaraplaýyn goldaýan, olaryň hukuk we durmuş goraglylygyny üpjün edýän döwlet. Ýurdumyzda bu ugurdaky işler 2013-nji ýylyň awgustynda kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny esasynda kadalaşdyrylýar. Bar bolan şeýle kanunçylyk namalaryň esasynda ýaşlarymyz döwrebap şertlerde ylym-bilim alýarlar, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Munuň özi bilimli türkmen ýaşlarynyň zähmet bazarynda özleriniň mynasyp orunlaryny tapmagyna giň mümkinçilikleri döredýär.

Terbiýäniň çägi bolmaz

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň terbiýeçilik düzüminiň serkerdeleri bilen eýýäm bu ulgamda däbe öwrülen okuw maslahaty geçirildi. Onuň esasy maksady goşunlarda terbiýeçilik işiniň, harby düzgün-nyzamyň ýagdaýyny pugtalandyrmakdan, harby psihologlaryň bilim we hünär taýýarlyklaryny has-da kämilleşdirmekden, psihologik işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy. Ýygnanyşygyň dowamynda geçen ýylda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde meýilnama esasynda ýerine ýetirilen işlere-de seljerme berildi. Eziz Watanymyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde terbiýeçilik işiniň öňünde durýan wezipeleri we maksatlary nukdaýnazary bilen geçirilen ýygnanyşyk döwlet syýasatyny wagyz-nesihat etmek, şahsy düzümi harby-watançylyk ruhunda terbiýelemek we harby düzgün-nyzamy pugtalandyrmak çygrynda dowam etdi. Okuw ýygnanyşygy ýörite meýilnama esasynda alnyp barlyp, olara harby bölümleriň terbiýeçi serkerdeleri we harby psihologlar işjeň gatnaşdylar. Şeýle çäreler olaryň biri-biri bilen tejribe alyşmaklaryna, iş tejribeleriniň has-da baýlaşmagyna oňyn şert döredýär. Ýygny guraýjylar özleriniň usulyýet maslahatlaryny psihologlar we terbiýeçiler bilen paýlaşdylar.

Dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleri

Ýaşlaryň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde ýokary okuw mekdepleriniň orny örän uludyr. Häzirki wagtda hem dünýäniň dürli künjeklerinde müňlerçe ýokary okuw mekdepleri hereket edýär. «Times Higher Education» her ýylda dünýäniň iň naýbaşy ýokary okuw mekdepleriniň sanawyny düzýän halkara žurnaldyr. Bu halkara žurnaly her ýyldaky sanawyny uniwersitetlerdäki berilýän bilimiň hiline, onda döredilen şertlere, alnyp barylýan ylmy-barlag işlerine görä düzýär. Halkara žurnalynyň sanawyna giren iň gowy bäş sany ýokary okuw mekdebiň 3-si ABŞ-da, 2-si bolsa Angliýada ýerleşýär. Geliň, dünýäniň iň gowy 5 sany ýokary okuw mekdebi bilen gysgaça tanyş bolalyň. Oksford uniwersiteti «Times Higher Education» halkara žurnalynyň 2020-nji ýyl boýunça iň gowy ýokary okuw mekdepleriniň sanawynda ilkinji orny eýeledi. Dünýäniň iň gadymy uniwersitetleriniň biri hasaplanýan Oksford bu sanawda adatça, öňdäki orunlarda durýar. Bu uniwersitet dünýäniň iň gadymy iňlis dilinde sapak berip başlan uniwersitetidir. Angliýada ýerleşýän naýbaşy uniwersitetde 50-ä golaý hünär boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýerde diňe bir iňlisler däl-de, daşary ýurtly talyplar hem bilim alýarlar.

Bagtyýar nesillerimiziň ýeňişleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň okamaklary, döretmekleri, döwrebap bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesiller üçin edýän aladalaryna mynasyp jogap hökmünde golaýda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyryna 9-njy, 10-njy, 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Alp Arslan adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary hem gatnaşyp, özleriniň bilim-başarnyklaryny görkezdiler. Harby okuwçylardan Şatlyk Nazarow, Bahram Begenjow, Mergen Atabalow, Atajan Kuliýew, Furkat Matýakubow, Sapargeldi Abdyýew, Şatlyk Kowusow, Begenç Döwletow, Eziz Tokaýew, Kemranbek Karimow, Jemşit Sazakow, Daýanç Ataýew, Akmuhammet Atabaýew, Meýlis Kakamyradow, Mergen Maşadow dagy üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp boldular hem-de welaýat Baş bilim müdirliginiň diplomlary bilen sylaglandylar.

Üstünlikli gadamlar

Bagtyýarlyk döwrüniň binýady ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, ylym we bilim ulgamynyň kämilleşmegi bilen häsiýetlenýär. Jemgyýetiň ösüşiniň aýrylmaz bölegi hökmünde bilim ulgamy häzirki zaman dünýäsinde ilkinji nobatda ähmiýet berilýän ugurlaryň hataryna girýär. Şeýle ýörelgelerden ugur alyp, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary şu ýylyň ýanwarynda Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň arasynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular, olaryň 9-sy 1-nji, 6-sy 2-nji, 7-si bolsa 3-nji orunlardyr. Harby okuwçylaryň arasyndan Perman Hudaýnazarow, Azym Bagtyýarow, şeýle hem Resul Babanazarow aýratyn tapawutlandylar. Olar himiýa dersi boýunça iň ýokary görkezijä eýe bolmak bilen, 1-nji orna mynasyp boldular. Şol bir wagtyň özünde geografiýa dersi boýunça ders bäsleşigine gatnaşýan harby okuwçylar Ataberdi Ataberdiýew we Dawut Ismailow ýokary görkeziji gazandylar, şeýle hem birinjileriň hataryna biologiýa dersi boýunça harby okuwçy Ybraýym Guwançmuhammedow, fizika dersi boýunça Yslam Sahatow, taryh dersi boýunça Yhlas Şirmetow we Meýlis Annanazarow goşuldylar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutyna okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynda okamaga isleg bildirýän orta bilimli, çagyryş boýunça harby gullugy geçen, harby gulluga meýletin girmäge isleg bildirýän, ýaşy 24-den geçmedik ýa-da Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýöriteleşdirilen harby mekdeplerini tamamlan, ýaşy 25-den geçmedik erkek raýatlaryň giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýändigini habar berýäris. 2. Dalaşgärleriň ýaş derejeleri 2021-nji ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaplanylýar.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa çagyrýarys!

1. 2021 — 2022-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebinde okamaga isleg bildirýän, 2021-nji ýylda Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça 8-nji synpy tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edýändigimizi habar berýäris. 2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 12 ýyllyk okuw maksatnamasynyň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäginde matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy dersleri boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersi boýunça diktant kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Zehin — üstünligiň açary Golaýda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň çäklerinde Mary şäherindäki orta mekdepleriň 9 — 11-nji synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirildi. Şäherdäki 1-nji orta mekdepde türkmen dili, edebiýat we matematika, 10-njy orta mekdepde taryh, geografiýa, 22-nji orta mekdepde himiýa, biologiýa, 27-nji orta mekdepde informatika, fizika, 32-nji orta mekdepde rus dili, iňlis dili dersleri boýunça geçen bäsleşige zehinli okuwçylaryň ençemesi gatnaşdy.

Matematika hakynda pähimlerden

Matematikanyň ýokary bilim berijilik güýji bar, ol okuwçylaryň akyl ukyplaryny ösdürýär. Dmitriý Pisarew.