Eziz Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ösüp gelýän nesiller bilen bagly hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Çagalaryň saglygy, bilimi, dynç alşy, terbiýesi, ýaşuly nesil bilen gatnaşyklary ýaly ençeme meseleleriň çözgüdi ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalarynda möhüm orun eýeleýär.
Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça işleri amala aşyrmakda ýaşlaryň giň dünýägaraýşy, döredijilikli zähmeti uly ähmiýete eýedir. Orta we ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan, ylym we hünär öwrenýän, senagatda, oba hojalygynda we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda joşgunly zähmet çekýän ýaşlar hakynda alada döwlet syýasatynda aýratyn üns berilýän ugurlaryň biri bolmagynda galýar. Ýaşlar dünýä ylmynyň ösüş taryhyny we häzirki zaman gazananlaryny öwrenmek bilen, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek boýunça ylmy-innowasion syýasatyny we Prezident Maksatnamasyndaky ylmyň ileri tutulýan ugurlary boýunça öňde duran wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarlar.