HABARLAR

Mekdepde synp sagatlarynyň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Gündiziň ýagtylygy üçin Günüň, gijäniň görki üçin Aýyň, topragyň sahawatlylygy üçin suwuň nähili gymmaty bar bolsa, ynsan hem-de ýurt ykbaly üçin hem ylmyň gymmaty çäksizdir. Ylym biziň ähli ösüşlerimiziň badalgasydyr, eşretli we bagtyýar durmuşymyzyň gözbaşydyr» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiziň bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmek bilen, mugallymlar, synp ýolbaşçylary okadýan dersiniň aýratynlygyny nazara alyp, okuwçylary döwrebap okatmagy we terbiýelemegi başarmalydyrlar. Okuwçylara döwrebap bilim bermekde okatmagyň netijeli, işjeň usullaryndan, okuw-görkezme esbaplaryndan we häzirki zaman tehniki serişdelerinden peýdalanylmalydyr, okuwçylaryň synpdan we mekdepden daşary geçirilýän çärelere işjeň gatnaşmagy gazanylmalydyr. Ýolbaşçylyk edýän synpyndaky okuwçylarynda başarnyklary kemala getirmegi terbiýelemek bilim işgäriniň borjudyr.

Edebiýat sapagynda çeper eserleriň derňewi

Edebiýat sapagy okuw-terbiýeçilik işiniň ähli döwürlerinde-de örän wajyplygy bilen tapawutlanýar. Edebiýat — bu çaganyň aňyny kemala getiriji, pikirleniş ukybyny ösdüriji sapakdyr. Okuw işiniň ähli etaplarynda aňlamak, duýmak, syzmak, düşünmek, ýat tutmak ýaly işler alnyp barylýar. Şol sebäpden edebiýaty ylmy taýdan öwrenmegiň zerurlygy ýüze çykýar. Şu zerurlygyň ilkinji ädimleri hökmünde edebiýat nazaryýetinden bölekler girizildi. Olar synplar boýunça toparlara bölünip, her bir edebiýat nazaryýeti geçilýän temasyna görä we çaganyň kabul ediş mümkinçiligine görä okuw kitabynda ýerleşdirildi. Bu bolsa öz gezeginde okuwçylaryň edebi eserleri özbaşdak derňemek işine itergi berdi. Bilşimiz ýaly, edebiýatyň üç sany sütüni bolup, olar: edebiýat nazaryýeti, edebiýatyň taryhy we edebiýatyň tankydy diýlip atlandyrylýar. Alymlaryň arasynda bularyň haýsysynyň iň ilkinjidigi baradaky, haýsysyny ilkinji öwrenmelidigi baradaky pikirler häli-häzirlerem dowam edýär. Edebiýat nazaryýetiniň arassa ylmy häsiýetini göz öňünde tutup, biz olary başgaça “edebi kesgitlemeler” diýibem atlandyryp bileris. Islendik zadyň adynda bolsa, onuň özi hakynda kem-käsleýin ýa-da doly maglumatlar saklanýandyr. Eger-de edebiýat nazaryýeti edebi kesgitlemeler toplumy bolsa, onda okuwçyla

Aýdyň maksatly ýaşlar

Ýurdumyzda jemgyýetimiziň esasy hereketlendiriji güýji we röwşen geljegiň eýeleri bolan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň şeýledigini «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzyň ilkinji günlerinde «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we ony ýerine ýetirmek boýunça degişli Meýilnamanyň kabul edilmegi hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Bu resminamalar ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladanyň döwletiň üns merkezinde durýandygyny, onuň barha rowaçlanýandygyny we pugtalanýandygyny äşgär edýär. Mälim bolşy ýaly, kabul edilen täze resminamalar berkarar türkmen jemgyýetiniň bagtyýar nesillerini ata-babalarymyzyň ýol-ýörelgeleriniň esasynda milli ruhda terbiýelemegi dowam etdirmäge ýardam berer. Ol ylymly-bilimli we giň dünýägaraýyşly, zähmete ukyply, sagdyn bedenli, belent ruhly ýaşlary ösdürip ýetişdirmegiň hukuk üpjünçiligini kepillendirmek bilen bir hatarda, türkmen ýaşlarynyň geljekki ykbaly üçin ýokary ähmiýete eýedir. Maksatnama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Bilim hakynda» we «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyry

Iňlis dilinde ugur soramak we salgy bermek

Isle, okuw maksatly ýa-da iş maksatly, ýa bolmasa dynç alyş maksady bilen daşary ýurtlara gidileninde, nätanyş şäherde isleýän ýeriňe azaşman barmak üçin ugur soramak zerurlygy köp ýüze çykýar. Ugur soralanda dogry sözleri ulanyp, diýjek zadyňy düşündirip bilseň, onda salgy berýän kişi hem kynçylyk çekmän sizi şol tarapa gönükdirer. Geliň onda, «Az salym iňlis dili» bölüminiň bu sanynda ugur soramak we salgy bermek üçin zerur aňlatmalary öwreneliň! 1. How can I get to?..

Sanly tehnologiýalar bilim gurşawynda

«Türkmenistan  —  parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda alnyp barylýan işler netijeli häsiýete eýe bolýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy amala aşyrmak boýunça giňişleýin işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň her ýyl birinji synpa okuwa barýan çagalara kompýuter sowgat bermegi hem, çagalaryň häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmegi üçin esas bolup durýar. Bilimde sanly tehnologiýalar olara esaslanýan häzirki zaman bilim gurşawyny döretmegiň usulydyr. Sanly tehnologiýalar ägirt uly tizlik bilen kämilleşýärler. Tejribeleriň görkezişi ýaly, döwrebap mekdebi maglumat tehnologiýalaryndan üzňe göz öňüne getirmek kyn. Şonuň üçin hem birinji synpdan başlap, çagalara bilim almak üçin iş guraly hökmünde sanly tehnologiýalary ulanmagy öwretmeli. Bu işde başlangyç synp mugallymlarynyň esasy wezipesi okamagy, ýazmagy, hasaplamagy öwretmek bilen bir hatarda, okuwçylaryň öwrenmäge we döredijilige gyzyklanmasyny kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar. Bu wezipäni ýerine ýetirmek üçin okuw işinde maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalaryny ulanmaly bolýar. Sapakda we sapakdan daşary işlerde multimediýa serişdelerin

«Ýylyň mugallymy — 2021»

BILIMIŇ HEM ZEHINIŇ BÄSLEŞIGI Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny milli ýörelgelere we dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ösdürmek, okuw maksatnamalaryny we ylmy-usulyýet ugurlaryny kämilleşdirmek babatda berýän tabşyryklaryndan ugur alnyp, «Ýylyň mugallymy» bäsleşigini her ýyl geçirmek asylly däbe öwrüldi.

Berkarar Watana buýsançly ýaşlar

TMÝG-niň Magtymguly etrap geňeşi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi bilen bilelikde 19-njy orta mekdepde «Berkarar döwletde bagtyýar ýaşlar» atly maslahat geçirdi. Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy, olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertleriň döredilýändigi dogrusynda gürrüň etdiler. Ata Watanymyzda ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, sagdyn bedenli, giň dünýägaraýyşly, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri üçin möhüm işleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Halkymyzyň, ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Terbiýe — borç

Kaýum TAŇRYGULYÝEW,Türkmenistanyň halk ýazyjysy. Sanlar(Sanawaç)

Terbiýe mekdebi Hormatly Prezidentimiziň romanlarynda zähmet terbiýesi

Hormatly Arkadagymyzyň ýiti galamyndan çykan terbiýeçilik ähmiýetli «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlary milli terbiýäniň ähli ugurlaryny özünde jemleýän kämil eserlerdir. Hormatly Arkadagymyzyň ýadawsyz aladalarynyň netijesinde ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň döwrebap ylym-bilim almaklary, ökde hünärmenler bolup ýetişip, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Berkarar ýurdumyzda ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde iň täsirli ugurlaryň biri bolan çeper edebiýatyň terbiýeçilik güýji, täsiri örän uludyr. Sebäbi her bir çeper eseriň öňünde okyjylaryň ruhy dünýäsine täsir edip, olary belent maksatlara ruhlandyrmak, watansöýüjilik, zähmetsöýerlik ýaly asylly häsiýetlere, gowulyga tarap özgertmek duransoň, terbiýe meselesinde-de çeper edebiýat esasy hyzmaty ýerine ýetirýär.

Ýaşlaryň bagtyýarlygy ugrunda

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň beýik geljegimiz ýaşlaryň bagtyýarlygy, kadaly ösüşi bilen berk baglydyr. Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip belleýär. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ähli taraplaýyn sazlaşykly ösmegi, bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup kemala gelmegi, täze tehnologiýalardan baş alyp çykýan ökde hünärmenler bolup ýetişmegi babatdaky aladalaryna 8-nji fewralda ýurdumyzyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň meseleleri boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynyň barşynda ýene-de bir gezek göz ýetirdik. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň ýerine ýetirilişini gözegçilikde saklamak, bu syýasata laýyklykda, ýaşlaryň alan hünär bilimlerini önümçilikde, döwlet gullugynda, ylmy we döredijilik işlerinde netijeli ulanmaklary üçin amatly şertleri döretmek, ýaşlarda dolandyryş, işewürlik we ekologiýa başlangyçlaryny ösdürmek hem-de ýaş maşgalalary goldamak syýasatyny dowam etmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Karary bilen, „Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 —