HABARLAR

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Röwşen geljege şamçyrag Ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, giň gözýetimli, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Çünki, ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Şoňa laýyklykda hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Sanly bilim ulgamy – mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin e

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy aýdyň geljegi nazarlaýar

Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary aýdyň beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym ulgamynda ylmy-barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem ylmyň, tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi ylym, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

Bagtyýarlygyň ygtybarly ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ähli ugurlarda, pudaklarda gazanylan ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň berk binýady bolup durýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär, halkymyzy örän buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda hem ýürek buýsanjyň goşalanýar. Şeýle desgalaryň hatarynda bilim ojaklarynyň, täze mekdepleriň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi bilim ulgamyna, ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmeklerine uly üns berilýändigini beýan edýär. Şu ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny aýdyň beýan etmek bilen, halk bähbitli işlere uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, bele

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň belentlikleri nazarlaýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Biziň ýurdumyzda, ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan, öňde goýlan maksada ýetmegiň ygtybarly ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnikalar bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamda ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýa

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, bilim ojaklarynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama dolanyşygy, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Çagalaryň durmuşynda ertekileriň ähmiýeti

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns-alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň düşünjesiniň ösmegi üçin dürli usullar peýdalanylýar. Esasan hem, olar bilen terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly dünýägaraýyşlaryny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileri peýdalanmak hem örän ýerliklidir. Ertekiler körpelere iň düşnükli bolan we sada dilde beýan edilýän çeper eserdir. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ertekileriň hyzmaty uly bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Esasan hem, nakyllary, ertekileri peýdalanmak arkaly milli terbiýäni beripdirler. Çagalar bagynda bu ugry ösdürmek bilen terbiýeçiler körpelere ertekileri gürrüň berýärler, ýörite multimedia tagtasynda surat şekilleri bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. Şeýle usulyň özi körpelerde uly gyzyklanma döredýär, aýdylýan erteki hakynda pikirlenip başlaýar, ýagşylygyň, birek-birege kömek etmegiň, dostlugyň manysyna düşünmäge çalyşýar. Bu bolsa çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde ädilen ilkinji ädimdir.

Sowat öwretmekde kämil usullar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime uly üns berilýär, çünki kämil ýaşlary kemala getirmek röwşen geljegimiziň binýadydyr. Şonuň üçin hem ylymly-bilimli nesiller dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp barjak hünärmenlerdir. Şeýle hünärleriň biri hem mugallymçylyk hünäri bolup, bu ugurda kämil ýaşlar ýetişýär. Bu ugurdan bilimleri öwretmek, pedagogikanyň aýratynlyklaryny düşündirmek bilen, geljekki mugallymlar, bilim işgärleri taýýarlanylýar. Esasan hem, mugallymçylyk ugrundan okaýan ýaşlara okatmagyň iň kämil usullary öwredilýär. Şu nukdaýnazardan, okatmagyň we pedagogikanyň käbir aýratynlyklaryna nazar aýlap geçmek zerurdyr. Bilim öwretmegiň öňdebaryjy usullary döwrebaplygy, çaganyň bilime bolan höwesiniň artdyrylmagyny nazara alýar. Şunda häzirki döwrüň mümkinçilikleri, şol sanda sanly tehnologiýalar, multimedia serişdeleri hem yzygiderli ulanylýar. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Has takygy, umumy okuwlar arkaly aýry-aýry temalar, meseleler boýunça maslahat görnüşinde görelde sapaklaryny guramak, işjeň oýunlar arkaly sapaklary guramak, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak ýaly görnüşleri beýan etmek bolar. Matematika sapaklarynda san maglumatlaryny ulanmak, multimedia tagtasynda dürli görnüşli m

Körpeleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde pedagogik tehnologiýalaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler, kabul edilýän döwlet bilim resminamalary türkmen halkyny uly ösüşlere atarýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly pugtalandyrylýar. Bilimiň üsti bilen durmuşyň sungat, medeniýet, saglyk, bedenterbiýe ýaly ulgamlary her bir adamyň kalbynda kiçi ýaşlaryndan orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň gidişinde täze usullar bilen işlemegiň ýola goýulmagy bellenildi. Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, «Innowasion tehnologiý

Ene dilim — eziz dilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge hem, olarda watansöýüjiligi kemala getirmäge hem binýat bolup durýar. Watansöýüjilik halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan sarpadan başlanýar. Munuň özi bolsa dilimizi öwrenmäge, söz baýlyklaryna düşünmäge biziň her birimizi ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylym-bilimiň ösüşine, ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň bilim almaklary, kämil hünärmenler bolmaklary üçin, ilkinji nobatda, ene dillerini bilmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri wajyp bolup durýar. Şonuň üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde türkmen diliniň çuňňur öwredilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň ilki bilen, ýaşlaryň okaýan ugurlaryna çuňňur düşünmeklerine, pikirini sagdyn beýan etmeklerine, iň esasysy bolsa, sagdyn pikirlenmeklerine oňat täsiri bardyr.