Bagtyýarlygyň ygtybarly ýoly

22 Oktýabr 2024
559

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ähli ugurlarda, pudaklarda gazanylan ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň berk binýady bolup durýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär, halkymyzy örän buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda hem ýürek buýsanjyň goşalanýar. Şeýle desgalaryň hatarynda bilim ojaklarynyň, täze mekdepleriň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi bilim ulgamyna, ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmeklerine uly üns berilýändigini beýan edýär.

Şu ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny aýdyň beýan etmek bilen, halk bähbitli işlere uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, belent üstünlikler ýurdumyzy täze ösüşlere ýetirýär, biziň her bir günümizi bagtyýarlyga besleýär. Şunda ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň, umuman, ähli ugurlaryň döwrebap ösdürilýändigini görmek bolýar.

Kerwen ATABAÝEW,
Aşgabat şäherindäki 95-nji orta mekdebiň müdiri.