Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.
Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary aýdyň beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym ulgamynda ylmy-barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem ylmyň, tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi ylym, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.