Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

22 Oktýabr 2024
583

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň belentlikleri nazarlaýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Biziň ýurdumyzda, ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan, öňde goýlan maksada ýetmegiň ygtybarly ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnikalar bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek.

Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamda ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy toplumlaýyn durmuşa geçirilýär. Iň täze, döwrebap kompýuter tehnologiýalary, multimedia ulgamlary bilen doly üpjün edilen orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň giň ulgamlary döredildi.

Üzümgül BÄŞIMOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.