HABARLAR

Usuly-amaly maslahat geçirildi

Kaka etrap bilim bölüminiň iş meýilnamasy esasynda Kaka etrabynyň orta mekdeplerinde degişli hünärmenleriň, mekdep müdirleriniň, çagalar baglarynyň müdirleriniň arasynda usuly-amaly maslahat geçirildi. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna bagyşlanan usuly-amaly maslahat işjeňlige eýe boldy. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň degişli Karary bilen tassyklanylan Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýada pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler, esasy maksatlar, ýerine ýetirilmeli işler hakynda giňişleýin pikir alşyldy. Çykyş edenler agzalan Konsepsiýanyň umumybilim maksatnamalary boýunça bilim bermegiň ähli derejelerinde okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmäge, onuň döwrüň talaplaryna we halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge, okuw-terbiýeçilik işlerine okatmagyň öňdebaryjy we has kämil, ýokary netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmak arkaly ýaş nesliň kalbynda ata Watana, onuň şöhratly taryhyna, merdana we zähmetsöýer halkymyzyň milli däp-dessurlaryna, ýol-ýörelgelerine, edep kadalaryna, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, medeni we ruhy mirasyna buýsanjyň we sö

Göreldeli açyk sapaklar

Kaka etrabyndaky 17-nji orta mekdepde dersler boýunça göreldeli açyk  sapaklar yzygiderli geçirilýär.  Iňlis dili mugallymy Käkilik  Begiýewanyň 4-nji “b” synpyň okuwçylarynyň arasynda iňlis dili dersi boýunça geçen göreldeli açyk sapagy has uly gyzyklanma eýe boldy. Ýurdumyzda bilim özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek, ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim bermek, bilim işgärleriniň hünär ussatlygyny açyp görkezmek, öňdebaryjy iş tejribelerini öwrenmek hem-de ýaýratmak, şeýle-de  Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämillesdirmegiň Konsepsiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmek bilen bagly alnyp barylýan işleriň rowaçlanýandygyny bu gezekki göreldeli açyk sapagy aýdyň görkezdi.

Okuwçy ýaşlar internet olimpiadasyna gatnaşdylar

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 7-12-nji synp okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça guralýan internet olimpiadasynyň II tapgyryna Kaka etrabynyň mekdep okuwçylary işjeň gatnaşdylar. “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny”, “Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny” we olary durmuşa geçirmegiň Meýilnamalaryny ýerine ýetirmek, bilim ulgamyna innowasiýalary giň gerimde ornaşdyrmak, şeýle-de mekdep okuwçylarynyň arasynda türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça has zehinlileri ýüze çykarmak bu olimpiadanyň esasy maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, olimpiadanyň nobatdaky tapgyryna taýýarlykly gelen etrabymyzyň mekdep okuwçylary türkmen dili we edebiýaty dersleri boýunça zehin-başarnygyny doly derejede görkezdiler. Olaryň birnäçesiniň görkezijileri has-da guwandyryjy boldy.

Kitap — hazyna

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly: «Kitap adamyň döreden täsin we beýik gudratydyr. Ol döwürleriň aýnasy, ynsanyň özünden soňky nesillere goýup gidýän, bahasyna ýetip bolmajak mirasydyr. Bu gudratda adamzat durmuşynyň müňýyllyklaryň dowamyndaky ösüşi, ylym-bilimde ýeten sepgitleri, döwürleriň syýasy, ykdysady we medeni baglanyşygy, umuman, asyrlaryň ýaňy beýan edilýär». Bu jümlede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kitaba goýýan belent sarpasy açylyp görkezilýär. Şonuň bilen baglylykda, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ildeşlerimiziň arasynda kitaba bolan gyzyklanmanyň barha artmagy örän guwandyrýar. Kitap okamaga islegiň artýandygyna kitaphana işgäri hökmünde gündelik durmuşymyzda has anyk göz ýetirýäris. Kitaphana ýazylýan okyjylaryň sany yzygiderli artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen on aýynda welaýatymyzyň kitaphanalaryna täze ýazylan okyjylaryň sanynyň 8 müň 500-e golaýlamagy hem munuň subutnamasydyr. Şeýlelikde, bu gün welaýatymyzyň kitaphanalarynyň okyjylarynyň sany 115 müňden geçýär.

Röwşen geljegimiziň aladasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamy döwrebap ösýär, kämilleşýär. Bu ugurdaky Döwlet maksatnamalarydyr konsepsiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň netijeliligi ýokarlanýar, kämil şahsyýetleriň kemala gelmegine täze şertleri emele getirýär. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna, Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna, Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän işler has-da guwandyrýar. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermäge gönükdirilen, täzeçillige daýanýan özgertmeleriň rowaçlanmagyna itergi berýän bu Konsepsiýalaryň durmuşa geçirilmegine bilim-terbiýeçilik edaralaryň işgärleriniň her biri mynasyp goşandyny goşýar.

Döwrebap ösüşler

Ýurdumyzy ylym we sanly tehnologiýalar esasynda senagatlaşdyrmak, ýokary tehnologiýalary, innowasiýalary döretmek hem-de olary önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler sazlaşykly ösüşi üpjün edýär. Ylym ulgamyny ösdürmek, düýpli ylmy-nazary, ylmy-amaly barlaglary geçirmek, öňdebaryjy tehnologiýalary döretmek «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzda ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklaryna ornaşdyrmakda, geljegi uly önümçilikler babatda bilimiň, ylmyň, önümçiligiň baglanyşygyny has-da ýokarlandyrmakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ylmy ösdürmegiň häzirki zaman nusgalaryna çalt depginde geçmek, düýpli hem amaly ylymlaryň, ylma esaslanýan tehnologiýalaryň gazananlaryny önümçilige giňden ornaşdyrmak, ýokary taýýarlykly ylmy işgärleri, hünärmenleri taýýarlamak döwletimizde möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi. Bäsdeşlige ukyplylyk, innowasiýalar, täze iş orunlarynyň döredilmegi köp babatda tehnologiýalaşdyrmak işleriniň depgini bilen şertlenilýär. Ýurdumyzda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly täze senagat düzümlerini kemala getirmegiň hasabyna çalt depginde döwrebaplaşdyrmak syýasaty işjeň amala aşyrylýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ykdysadyýet

Bagtyýar durmuşyň gözbaşy

Ösen tehnologiýalardan peýdalanmak

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz beýik maksatlara gönükdirilen bilim syýasaty bilen rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýar nesiller üçin ägirt uly aladalar edilýär. Bilimiň halkara giňişligine çykarylmagynda sebitde we dünýäde iň köp ulanylýan dilleriň biri hasaplanýan iňlis diliniň öwrenilmegine uly orun berilýär. Daşary ýurt dillerini ynamly, ygtybarly ulanmakda umumybilim basgançagynyň ähmiýeti uludyr. Munuň şeýledigi orta mekdeplerde iňlis diliniň grammatikasynyň we sözleýşiniň öwredilmeginiň barha kämilleşdirilmelidigini delillendirýär. Jemgyýetçilik ýaşaýşynyň dürli ugurlarynda bolşy ýaly, häzirki ösýän döwür bilim ulgamynda hem, şol sanda daşary ýurt dillerini okatmakda hem täze tehnologiýalaryň döredilmegine we ulgamda ulanylyşynyň işjeňleşdirilmegine getirdi. Döwrebap tehnologiýalaryň sapakda peýdalanylmagy täze usulyýetleri ýüze çykardy. Şeýle usulyýetleriň kämilleşdirilmeginde okatmagyň döwrebap serişdeleriniň, has oňaýly sanly tehnologiýalaryň okuw işinde giňden ulanylmagy möhüm orny eýeleýär.

Sapakda öwrediji oýunlaryň orny

Başlangyç we ýokary synplarda okatmagyň esasy talaplarynyň biri-de çagalarda gowy gylyk-häsiýetleri terbiýelemek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek bolup durýar. Ýurdumyzyň orta mekdeplerinde daşary ýurt dili hökmünde okadylýan rus dili sapaklarynda çagalaryň ukyp-başarnyklaryny we pikirleniş, sözleýiş endiklerini ösdürmegiň iň täsirli usuly didaktiki oýunlar bolup durýar. Didaktiki oýunlar — bu okuwçylar üçin öwrediji oýunlardyr, mugallymlar üçin bolsa okatmagyň usulydyr. Başlangyç we ýokary synplarda rus dili sapaklarynda didaktiki oýunlar sapagyň islendik tapgyrynda we dürli görnüşli sapaklarda ulanylyp bilner. Bu oýunlar, esasan hem, sapagyň täze temany berkitmek, ýalňyşlyklar üstünde işlemek, şeýle hem gaýtalamak, sapagy jemlemek we umumylaşdyrmak bölümlerinde ulanylsa, has-da ýerlikli bolar. Şeýle hem ýaş aýratynlyklaryna garamazdan, sapagyň başynda (guramaçylyk döwründe), öý işiniň ýerine ýetirilişini barlamakda, söz baýlyklaryny kämilleşdirmekde hem ulanmak mümkin. Didaktiki oýunlar çagalaryň aňynyň ösmegine kömek edýär. Olaryň öý işini ýerine ýetirmeginde özbaşdak ýumuşlar bilen işlemegine ýardam edip, işjeňligini artdyrýar. Bu oýunlaryň kömegi bilen çagalar täze temany çalt kabul edýärler we özleriniň döredijilik ukyplaryny ösdürýärler

Daşky gurşawy goramagy öwretmek

Tebigat dünýäsini, onuň janly-jandarlaryny goramak biziň her birimiziň borjumyz bolup durýar. Öz okadýan geografiýa dersim boýunça ýokary synplarda guraýan sapaklarymda tebigat dünýäsine aýawly çemeleşmek bilen bagly meselelere aýratyn ünsi çekýärin. Has takygy, 10-njy synpda «Daşky gurşawy goramak» diýen temany geçenimde, tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramaga, meýdan zolaklaryny, suwlary hapalamazlyk düzgünlerine okuwçylaryň ünslerini çekdim. Tebigaty zyýanly täsir edýän maddalardan goramagyň, ösümlikleriň, haýwanlaryň ýaşamagy we köpelmegi üçin amatly şertleri döretmegiň düzgünleri dogrusynda hem gysgajyk söhbetdeşlik guradym. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda hereket edýän döwlet goraghanalarynyň we çäkli goraghanalaryň ösümlik, haýwanat dünýäsini goramakda uly ähmiýetiniň bardygy hakynda maglumat berdim. Synp tagtasynda öýe berlen tema boýunça okuwçylar sapagy gürrüň berdiler. Goraghanalaryň alyp barýan işleri boýunça sowal-jogap alşyldy. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ähmiýeti barada okuwçylar öz pikirlerini beýan etdiler. Ýurdumyzyň derýalary, kenar ýakalarynda bag-bakjalygy döretmegiň zerurlygy ýaly durmuş ähmiýetli işler dogrusynda okuwçylaryň pikirlerini hem soradym. Multimedia tagtasynda Türkmenistanyň tebigaty barada şekillendirilen sl