Çagalara özbaşdak ýumuşlary tabşyrmak

19 Noýabr 2024
460

Dersler boýunça başlangyç synp okuwçylarynyň hasaplamalara bolan gyzyklanmasy has uludyr. Çagalar bagyndan gelen körpe eýýäm sanamagy, goşmagy, aýyrmagy bilýär. Matematika sapagynda geometrik şekilleri saýgarmagy we tanamagy üçin olary dürli görnüşli reňkler bilen tapawutlandyrýaryn. Surat sapaklarynda hem matematikadaky mysallarda ulanylan geometrik şekilleriň atlaryny reňkleriň üsti bilen ýatladýaryn.

Öýe iş hökmünde çagalaryň boş wagtlaryny manyly geçirmek maksady bilen, goşmaça ýumuşlary tabşyrýaryn. Ene dili sapaklarynda ertekilerde agzalýan jandarlaryň, gahrymanlaryň öý haýwanlaryna ýa-da ýabany haýwanlara degişlidigini ýazyp gelmeklerini tabşyrýaryn. Surat sapaklarynda özbaşdak surat çekmek işlerine hem aýratyn çemeleşýärin.