Mukaddes ynama wepaly nesil

18 Noýabr 2024
314

Dänew etrabyndaky 16-njy orta mekdepde «Arkadagly Gahryman Serdarly watançy ýaşlar — ýurdumyzyň beýik ykbaly» diýen mowzugda saz-söhbetli çäre geçirildi.

Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesle çuňňur ylym-bilim we asylly terbiýe bermegiň möhüm me-seleleri hem-de ýokary netijeli iş tejribeleri, okatmagyň kämil usullary barada söhbet edildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň mähriban Watanymyzyň bagtly ykbalyny gurujylar bolan ýaşlara uly ynam bildirýändigine uly üns çekildi. Munuň şeýledigine döwlet Baştutanymyzyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitabyny ýaşlara bagyşlamagy-da aýdyň güwä geçýär. Şu kitabyň we ýurdumyzda amala aşyrylýan uly özgerişlikleriň esasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlarymyzyň Watanyny, halkyny we zähmeti söýýän, ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, ynsanperwer adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän aladalary, şol maksat bilen ata-babalarymyzyň durmuş eleginden geçirip, sünnäläp, sungat derejesine ýetiren ruhy-ahlak ýörelgelerini gorap saklamaga we ösdürmäge gönükdirilen işler baradaky gyzykly we giň mazmunly söhbetler bu çärä gatnaşanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygy bilen durmuşa geçirilýän beýik işleri wasp edýän aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.

Bahar DURDYÝEWA,
Dänew etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy.