Bagtyýar durmuşyň gözbaşy

19 Noýabr 2024
390

Ylymly-bilimli, kämil ýaşlar röwşen geljegimiz hasaplanýar. Sowatly, ýokary hünär taýýarlygy bolan kämil hünärmenleri ýetişdirmek biziň ýurdumyzda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň şu wajyp meselä uly ähmiýet berip, bu ugurda düýpli we oňyn özgertmeleri yzygiderli üstünlikli durmuşa geçirýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylmy ösdürmäge, innowasion tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar milli ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýaş alymlaryň uly işleri alyp barýandyklaryny aýratyn bellemek gerek. Olar häzirki wagtda ylmyň dürli ugurlary boýunça iş alyp barýarlar, nanotehnologiýalar, himiýa tehnologiýalary, energetika, biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa, kompýuter tehnologiýalary, lukmançylyk, innowasion ykdysadyýet, ynsanperwer ylymlar babatda bilimlerini baýlaşdyrýarlar hem-de öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirýärler. Ýaşlar öz saýlap alan ugurlaryny kämilleşdirmek bilen, ylym dünýäsiniň syrlaryna ynamly aralaşýarlar. Netijede, berkarar Watanymyzyň ylym-bilim ulgamyny baýlaşdyrmaga saldamly goşant goşjak ýaş alymlaryň hatary artýar. Multimedia-interaktiw usullarynyň kämilleşdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi bilimiň sanly ulgama geçirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidigini beýan edip, iň döwrebap usullaryň durmuşa ornaşdyrylýandygyny aýdyň görkezýär.

Tawus HOJANEPESOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.