HABARLAR

Keşt et­seň dün­ýä­ni uça­ra mü­nüp...

Her bir adamyň ýüreginde täsin arzuwlar ýaşaýar. Ýer ýüzüne syýahat etmek, onuň ajaýyp ülkelerini diňe bir çeper eserleriň ýa-da teleýaýlymlarda görkezilýän gepleşikleriň üsti bilen däl-de, ýakyndan gözüm bilen görmegi, duýmagy arzuw edýärdim. Käteler arzuwlaryň wysal bolmagyna birneme wagt gerek bolýar. Özge ýurtlardan ozal, ilki öz eziz ata Watanyňy öwrenmek, onda bar bolan ajaýyp ýerlere syýahat etmek hem dünýägaraýşyňy giňeltmäge, öňden bar bolan maglumat goruň üstüni ýetirmäge köp mümkinçilikleri berýän ekeni. Gadymy Jeýhun bilen gojaman Hazaryň arasynda, ümmülmez hazynany öz goýnunda saklaýan Garagum sähralygynda bar bolan tebigy baýlyklardyr täsinlikler, maddy we medeni gymmatlyklar hakynda agzaman geçmek asla mümkin däl. «Garagum sährasy» diýip, at alan bu ýerleriň her bir sebite uzaýan golunda tapylgysyz, gaýtalanmajak üýtgeşiklik bar.

Sütükli haýwanlaryň ýurduna syýahat

ýa-da ýüz­ýän ada­da­ky baş­dan­ge­çir­me­ler (Dowamy. Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Gyzykly seýilgähler

Çagalaryň iň gowy görýän ýerleriniň biri hem seýilgählerdir. Olarda çagalar wagtyny gyzykly we şadyýan geçirýärler. Dünýäde owadanlygy, kaşaňlygy, täsinligi bilen bir-birinden tapawutlanýan müňlerçe seýilgähler bar. Olaryň käbiri ululygy, käsi bolsa, içindäki oýunjaklarynyň täsinligi we üýtgeşik şekilleri bilen haýran galdyrýar. Şeýle bolansoň gazetimiziň şu sanynda olaryň käbiri baradaky gyzykly maglumatlary okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik. Cedar Point

Gezsem, dünýäni görsem

Köpetdagyň gözelliklerini synlap «Aşgabat» asma ýolunyň gurluşygyna 2005-nji ýylda başlanýar. Ol 2006-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda açylýar. Meşhur «Bouygues» fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Asma ýolunyň gatnadyjysy birwagtyň özünde 300 ýolagçyny daşamaga ukyplydyr. Onuň her kabinasyna 8-den gowrak adam ýerleşýär. Syýahatyň dowamynda Türkmenistanyň ajaýyp dag tebigatyny, täsin jandarlaryny synlamaga mümkinçilik döreýär. Deňiz derejesinden 1270 metr belentlikdäki kabinalary goýberýän merkez paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň günortasynda ýerleşýär. Bu merkezde garaşylýan otag, petek kassasy, tehniki hyzmatlar we enjamlar üçin desgalar, 100 sany awtomobil, 5 sany awtobus üçin niýetlenilen, tutýan meýdany 6500 inedördül metre barabar bolan awtoduralga bar. Şeýle hem, 2 sany restoran we kafe bar.

Iň uly futbol meýdançalary

Futbol tomaşaçylaryň aýratyn köpçüligini özüne çekýän oýun görnüşidir. Häzirki wagtda Demirgazyk Koreýanyň paýtagty Phenýandaky Birinji Maý stadiony dünýäde iň uly futbol toplumy hasap edilýär. Ol özüne 150 müň adamy jemläp bilýär. Hindistanyň Kalkutta şäherinde 1984-nji ýylda gurlan Hindi ýaşlarynyň stadionyna 120 müň adam sygýar.

Dünýäniň täsin arçalary

«Älemiň» nury Paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň baş arçasyny ýerleşdirmek indi däbe öwrüldi. Depesinde «2022» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 38,5 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr. Dürli reňklerde öwşün atýan şarlardyr oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça bu ýere gelýänlerde ýakymly duýgulary döredýär. Şeýle-de, bu ýerde körpeleriň köňül küýsegine öwrülen multfilm gahrymanlarynyň şekilleriniň oturdylmagy bagtyýar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Meýdança gijelerine has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Onda kaşaň binanyň we köpöwüşginli arçanyň älemgoşar deý yşyklary ak şäherimiz Aşgabadyň nurly gijelerine has-da gözellik goşýar.

Biler bolsaňyz

Hytaýda ananas täze ýylyň miwesi hasaplanýar. Hytaýlylar ananasyň üstünlik we bolçulyk getirýändigine ynanýarlar. * * *

Täze ýylyň dünýä döwletlerinde garşylanyşy

Täze ýyly her halk özüçe garşylaýar. Türkmenlerde bu baýram öýüň, töweregiň, iň esasan hem, arçalaryň aýratyn owadan edip bezelmegi, Täze ýyl gijesinde dürli naz-nygmatlaryň taýýarlanmagy bilen bereketli saçagyň başynda garşylamak ýörgünli bolup durýar. Ýöne dünýä halklarynyň Täze ýyly garşylamak boýunça özboluşly däp-dessurlary hem bar.  DANIÝADA Täze ýyl gijesi goňşularyň gapysynyň öňünde köpsanly gap-gaçlaryň döwülmegi bilen garşylanýar. Daniýalylar bu däbi goňşularyň arasyndaky öýke-kineleri gap-gaçlaryň döwlüşi ýaly ýok edip, Täze ýyla täze ýakymly garaýyş bilen garşylamak niýeti bilen edýärler. Şeýlelikde, goňşular gapylarynyň öňleriniň gap-gaç döwükleri bilen hapalanandygy üçin gaty görmeýärler. Gaýtam, gapyň agzyna näçe köp döwük gap üýşse, şol adamyň goňşular bilen ýygjam hem-de içgin gatnaşygynyň bardygyny alamatlandyrýar. Olaryň pikiriçe, Täze ýyl gijesinde gapyň öňüne näçe köp döwük gap-gaç üýşse, geljek ýylda şonça hem üstünlik gelermiş.

Gezsem, dünýäni görsem

Konstitusiýa binasy Paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasy 2011-nji ýylyň maý aýynyň 18-ine açyldy. Onuň gurluşygy 3 ýylda tamamlandy. Binanyň beýikligi 185 metr bolup, 91 metrlik dörtgyraňly sütün desganyň merkezi bolup durýar. Ol ähli tarapdan haly gölleriniň şekilleri bilen bezelip, onuň depesinde bäş ýyldyzly altyn ýarym aý şekillendirilendir. Binanyň binýady 10 metre barabar bolup, onuň çar tarapyny suw çüwdürimler toplumy we basgançaklar gurşap alýar. Binanyň içinde 6 zaldan ybarat bolan muzeý, 200 orunlyk maslahatlar zaly we 50 orunlyk ýygnak geçirilýän jaý, okalga we kompýuter zaly bolan kitaphana, sowgat dükany we kafeler bar. Desganyň täsin binagärligi köpleri haýran galdyrýar.

Jahanyň meşhur binalary

Asudalygyň nyşany Paýtagtymyz Aşgabatda ýerleşýän Bitaraplyk binasy hemişelik Bitaraplygymyzyň şanyna gurlandyr. Desganyň beýikligi 83 metre, depesindäki heýkeliň beýikligi 12 metre barabar bolup, jemi 95 metrdir. Bu sanlar döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolan senesini, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryny aňladýar. Bitaraplyk binasy ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, halkymyzyň ata-babalarymyzdan gelýän erkanalyk, agzybirlik ýörelgelerine wepalydygynyň binagärlik sungatyndaky aýdyň şöhlelenmesidir.