Dünýäniň täsin arçalary

20 Dekabr 2021
2303

«Älemiň» nury

Paýtagtymyzda gojaman Köpetdagyň eteginde bina edilen «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň baş arçasyny ýerleşdirmek indi däbe öwrüldi. Depesinde «2022» ýazgyly sekizburçly ýyldyz ornaşdyrylan owadan arçanyň beýikligi 38,5 metre, ini bolsa 16 metre barabardyr. Dürli reňklerde öwşün atýan şarlardyr oýnawaçlar, çyrajyklar bilen bezelen arça bu ýere gelýänlerde ýakymly duýgulary döredýär. Şeýle-de, bu ýerde körpeleriň köňül küýsegine öwrülen multfilm gahrymanlarynyň şekilleriniň oturdylmagy bagtyýar çagalaryň şatlygyny goşalandyrýar. Meýdança gijelerine has-da gözel görnüşe eýe bolýar. Onda kaşaň binanyň we köpöwüşginli arçanyň älemgoşar deý yşyklary ak şäherimiz Aşgabadyň nurly gijelerine has-da gözellik goşýar.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Nurýagdy KULAŞOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty.