Ýakynda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň binasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara onlaýn maslahat geçirildi. Ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen maslahata Ýaponiýa, Awstriýa, Kanada, Hytaý, Eýran, Özbegistan, Täjigistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Belarus, Ukraina döwletlerinden syýahatçylyk ulgamy boýunça hyzmatdaşlaryň 20-ä golaýy onlaýn tertipde gatnaşdylar.
Halkara onlaýn maslahat «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda syýahatçylykda telekeçilik, bilim we innowasiýalaryň orny», «Türkmenistanda taryhy, medeni we ekologiýa syýahatçylygynyň esasy ugurlary» atly bölümler boýunça öz işini dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde işewürligiň, bilimiň we innowasiýalaryň ähmiýeti hakynda pikir alyşmalar boldy. Forumyň barşynda ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçilikleri, türkmen tebigatynyň owadan hem täsin künjekleri, dünýä jahankeşdelerinde, syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýän taryhy ýadygärliklerimiz, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyz hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine bagyşlanan wideorolik görkezildi.